Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň prezidenti Barak Obama «içgin» hat ýazmakçy


Şu gün Eýranyň hökümeti prezident Mahmud Ahmedinejatyň Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama «içgin» bir hat ýazmaklygy planlaşdyrýandygy mälim etdi.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Ramin Mehmanparastyň aýtmagyna görä, bu hatda prezident Ahmedinejat Birleşen Ştatlaryň prezidentine Eýran baradaky ozalky köne syýasatdan el çekmekligi hem-de dogry taktika eýermekligi teklip etmekçi.

Bu wakanyň fonunda bolsa, şu gün Tährana sapar edýän Türkiýäniň daşary işler ministri Ahmet Dawutoglu Eýranyň ýadro meselesi bilen baglanyşykly dawalaryň diplomatik ýollar bilen çözülmegine Türkiýäniň hem ýardam bermäge taýýardygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG