Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Polşada prezidentlik saylawlary 20-nji iýunda geçiriler


Prezident Leh Kaçinskiniň ölümi sebäpli Polşada wagtyndan öň prezidentlik saylawlarynyň 20-nji iýunda geçiriljekdigi yglan edildi.

Ýurduň wagtlaýyn prezidenti we parlamentiň spikeri Bronislaw Komorowskiý prezidentlik boýunça saylawlaryň birinji tapgyrynyň 20-nji iýunda geçiriljekdigini şu gün yglan etdi.

Eger şol ses berişlikde kandidatlardan hiç biri berlen seslerden 50 prosentini gazanmagy başarmasa, saylawlaryň ikinji tapgyrynyň iýul aýynyň 4-ne geçiriljekdigi aýdylýar.

Parlamentiň spikeri Komorowskiý bilen mundan 11 gün ozal uçar heläkçiliginde wepat bolan prezidentiň dogany Ýaroslaw Kaçinskiniň esasy kandidatlar boljakdygy çak edilýär.

Pikir soralyşyklaryndan mälim bolşuna görä, hökümeti dolandyrýan häzirki sagçy toparyndan kandidat Komorowskiniň bu saýlawlarda ýeňiş gazanmagy-da mümkin.

Ýöne Ýaroslaw Kaçinskiý saýlawlara gatnaşjakdygy ýa gatnaşmajakdygy barada henize çenli hiç hili beýanat bilen çykyş etmedi.
XS
SM
MD
LG