Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen pullary bilen bagly syrlar


Türkmenistanyň galp ýollar bilen gazanylan pullaryň legallaşdyrylmagyna garşy göreş boýunça Ýewraziýa toparyna girmek islegi ýurduň ozalky prezidenti S.Nyýazowyň maliýe galplyklarynyň syryny açmak boýunça Aşgabadyň borçlary baradaky meseläni ýene-de bir gezek orta getirdi.

Bu uly sorag döredýän mesele şu wagta çenli gümürtik, näbelli bolmagyna galýar.

Heniz Nyýazow dirikä, köp ýyllaryň dowamynda halkara metbugaty onuň daşary ýurt bank hasaplary barasynda ýazypdy. Germaniýanyň diňe bir bankynda onuň azyndan üç milliard dollar serişde saklaýandygy habar berlipdi. Beýleki daşary ýurt banklaryna Nyýazowyň näçeräk pul geçireni, pul ýatyrany barada hiç zat belli däl.

“Bal tutan – barmagyny ýalar” etmedigine ynanmak kyn

Türkmenbaşy tarpa-taýyn öldi. Onuň o dünýä gitmäge nähiliräk taýýarlyk görenine göz ýetrimek mümkin hem bolmady. Şonuň üçinem ömrüniň ahyrky aýlary, soňky günleri öz pul baýlyklary bilen bagly onuň nähili hereketler edendigi barasynda-da hiç hili maglumat ýok. Şol baýlykdan näçeräk ülşüň Nyýazowyň Ýewropada ýaşaýan aýalyna hem çagalaryna ýeteni gümürtik.

Ýurdy dolandyran ýigrimi ýylynyň dowamynda Nyýazow ýurduň tutuş býujetine kontrollyk etdi, girdejileri hem çykdajylary özi kesgitledi. Onuň “Bal tutan – barmagyny ýalar” etmedigine ynanmak gaty kyn. Oňa berilýän bahalardan çen tutulsa, “ol sahy adam bolupdyr” diýip boljak däl.

Ýöne onuň baý, elpe-şelpe durmuşy, bol-elin oturyşmalary, ylaýta-da, göwherdir altyny gowy görendigi bütin dünýä mälim. Şunuň bilen bagly onuň uly göwher gaşly ýüzügi köp ýatlanýardy. Onuň resmi suratlarynda şol ýüzügi synlamak mümkindi. Ýakyndan tanaýan adamlaryň aýtmagyna görä, onuň gaty gymmatbaha ýüzükleriniň sany-da bäş ýüze golaý diylip hasaplanylýar.

Nyýazowyň “şahsy gaznaçysy” bilen bagly syrlar

Nyýazowyň döwletiň, halkyň puluny sowrup, eden galplyklaryny onuň “kassiri”, prezident apparatynyň işlerini dolandyryjysynyň orunbasary Aleksandr Žadan dünýä äşgär edip bilerdi. Ony metbugatda Nyýazowyň “şahsy gaznaçysy” diýip atlandyrypdylar. Rowaýata çalymdaş bu adam durşy bilen syrlygyna galýar.

Onuň Nyýazow ölenden soňky hereketleri-de pynhan syr bolup galýar. Žadan şol pursat birden gürüm-jürüm boldy diýen habar ýaýrapdy. Şonda daşary ýurt metbugaty onuň ölen prezidentiň gizlin maliýe operasiýalary üçin özünden ar alynmagyndan gorkup, ýurtdan gaçandygyny ýazypdy.

Türkmen diktatorynyň öz ägirt uly möçberdäki pul serişdelerini haýsy ýurtlara, haýsy banklara ugradandygyny Aleksandr Žadandan gowy bilýän barmyka?

Žadanyň gaçandygy baradaky habaryň ýaýramagyndan birnäçe gün geçensoň, ol ýene birden Türkemnistanda peýda boldy. Oňa barmagyny batyryp bilen tapylmady. Ondanam başga, ol dolandyryş işlerini öňküleri ýaly dowam etdirdi. Ol ýokary gatlakdaky wezipesini we derejesini saklap galdy. Indi ol Gurbanguly Berdimuhamedowa iň ýakyn adamlaryň biri hasap edilýär. Türkmen delegasiýasynyň Fransiýa saparynda Aleksandr Žadan resmi taýdan prezident administrasiýasynyň baştutany diýlip atlandyryldy.

Toparlara agzalyk ýagdaýy üýtgetmeýär

2007-nji ýylda Türkmenistan jenaýatçylykly ýollar bilen alnan girdejileri legallaşdyrmaga garşy göreş boýunça Ýewropa toparyna goşuldy. Ýöne Nyýazowyň girdejileriniň, pullarynyň üsti açylmady. Olar kimiň eline düşdi?

Eýsem, bu ýerde gürrüň diňe üç milliard dollar barada barýarmy ýa ondan has köp möçberde pul ogurlandymy? Aleksandr Žadan bu barada dymýar. Elbetde, häkimiýetem dymýar.

Turkmenistanyň resmi metbugaty Ýewraziýa toparyna goşulmak baradaky karary global howplara garşy göreşde halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin Türkmenistanyň äden aýgytly ädimi hökmünde reklama edýär.

Eýsem, ýurtdan, halkdan ogurlan ägirt uly pul serişdeleri görnüşinde Nyýazowyň daşary ýurt banklarynda ýatyran howpuny Aşgabat ýene-de öňküleri ýaly bir gapdalda galdyrarmyka? Şol pullaryň kime degişlidigi haçan aýan bolarka? Bu henizem uly sowal bolup dur.

Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Bu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG