Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

«Türkmen Sesi» - dünýä türkmenleriniň sesi!


Azatlyk Radiosynda «Türkmen sesi» ady bilen täze eşitdirilip başlanan programmada dünýä türkmenleriniň durmuşyna, medeniýetine we däp-dessurlaryna degişli wakalar we täzelikler barada maglumatlar berler, şeýle-de bilermenleriň çykyşlarydyr pikirleri-de beýan ediler. Muňa nähili zerurlyklar bar?

Türkmenler dünýäniň dürli künjeklerinde ýaşaýarlar. Garaşsyzlygyň başky ýyllarynda daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenler diýip, esasan, eýran, owgan, yrak, hytaý, türkiýe hem-de siriýa türkmenlerine aýdylardy. Emma öňki SSSR-iň çäklerinde-de türkmenleriň kowçumlaýyn ýaşaýan ýerleri başga-da az däl. Olar Täjigistanda, Özbegistanda, Gazagystanda, Stawropolda, Astrahanda, Krymda we käbir beýleki ýerlerde ýaşaýarlar.

Daşary ýurt türkmenleri hem-de öňki SSSR-iň territoriýasynda ýaşaýan türkmenler barada Türkmenistanda entegem maglumatlar ýeterlik däl. Olaryň ýaşaýan oba-şäherleri, gün-güzerany, kynçylyklary, dili hem-de medeniýeti barada henize çenli-de ýeterlik barlag işleri geçirilenok diýip, türkmen ýazyjysy we neşirýatçysy A.Welsapar «Türkmen Sesi» programmasynyň ilkinji sanyna beren interwýusynda belleýär.

Festiwallaryň potensial ähmiýeti

«Daşary ýurtlardaky türkmenler bilen Türkmenistanyň gatnaşyklaryny ösdürmek üçin käbir zerur çäreler görülmeli. Şu wagta çenli edilen işler bizi kanagatlandyrmady» diýip, daşary ýurt türkmenleriniň käbiri bize gürrüň berýär. Emma, muňa garamazdan, bu ugurda käbir işleriň edilýänligi hem aýdylýar.

Mysal üçin, Türkmenistanda 27-29-njy aprel aralygynda Dünýä türkmenleriniň festiwaly geçiriljek. Festiwala we onuň ähmiýetine oňyn baha berip, Şwesiýada ýaşaýan türkmenistanly ýazyjy we neşirýatçy A.Welsapardan şeýle diýdi: „Şu ýyl türkmenleriň Türkmenistana baryp, özlerniň birligini duýmaklary üçin ilkinji gezek zerur ädim ädilýär. Sebäbi bu festiwala köp adam çagyryldy. Bu ýylky festiwal dünýä türkmenleriniň medeniýetini ösdürmegi we öz ene dilini gorap saklamagy üçin peýdaly goşant bolar.“

Türkmenler barada täze kitaplar ýok

Şu taýda ýene bir zadyň belleňmegi gerek. Garaşsyzlygyň ilkinji ýylynda, ýagny 1991-nji ýylda Türkmenistanda «Dünýä türkmenleri» ady bilen bir kitap çap bolupdy. Bu kitapça «Watan» jemgyýeti tarapyndan çykarylypdy.

Emma şondan soň Türkmenistanda bu temadan kitaplaryň çap edilendigi barada hiç hili maglumat ýok. Şeýlelikde, häzirki wagtda Türkmenistanda daşary ýurt türkmenleri barada ýeterlik maglumat berilmeýär.

Bäş milliona golaý kitap saklanylýan Türkmenistanyň milli kitaphanasynda ýekeje-de täze çykan kitaba gabat gelip bolanok diýip, ýerli synçylar belleýärler.

Käbir kynçylyklar…

Türkmenleriň san taýdan Türkmenistandan soň iň köp ýaşaýan ýurdy, elbetde, Eýrandyr.

Şu taýda bir zady bellemegimiz zerur. Dürli ýurtlarda milli azlyk bolup ýaşaýandyklary hem-de käbir ýurtlarda hukuksyzlykdan kösenýändikleri zerarly dünýä türkmenleri barada jikme-jik resmi statistiki maglumatlary toplamak hem aňsat däl.

Şu ugurda Eýrandaky türkmenlerden mysal getirilse, eýran türkmenleriniň sanyna degişli dürli maglumatlar berlilýär. Olaryň sany 2 million bilen 4 millionyň aralygyndadyr diýip çak edilýär. Emma bu ýurtda etniki azlyklara degişli milletler barada demografiki we sosial barlaglaryň geçirilmegine ýol berilmeýändigine görä, eýran türkmenleriniň anyk sanyny aýtmak hem örän kyn mesele bolup durýar.
XS
SM
MD
LG