Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Merkezi Aziýa ÝB-niň üns merkezinde


Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň bu ýylky duşuşygynda esasy tema Gyrgyzystanda bolan soňky wakalar bolar diýlip garaşylýar. Bileleşigiň resmileri şu gün Brýusselde bu temadan ilki regional tegelek stol, soň hem bäş respublikanyň wekilleri bilen ikitaraplaýyn gepleşiklerde pikir alşyljakdygyny mäilm etdiler.

Ýewropa Bileleşigi araçy hökmünde o diýen ileri omzamasa-da, Gyrgyzystanda Kurmanbek Bakyýewiň ýurtdan kowulmagyndan soň bu ýurtda syýasy geçiş döwrüniň päsgelçiliksiz bolmagyny isleýär.

Bileleşigiň ýokary derejeli bir resmisiniň aýtmagyna görä, iň möhümi - Gyrgyzystanyň täze Baş kanunynyň halkara ölçeglerine laýyk bolmagy. Bileleşigiň resmisi: “Häzir hemmesinden möhümi Baş kanun. Şol bolsa, onsoň ýurduň syýasy gelejeginiň şekili belli bolar” diýen äheňde gürledi.

Bileleşik wagtlaýyn hökümete umyt bildirýär

Prezident Kurmanbek Bakyýewiň ýurtdan gaçyp çykmagy bilen tamamlanan gan döküşikli protestlerden soň, Gyrgyzystan bulam-bujarlyga uçrady. Netijede wagtlaýyn hökümetiň ýolbaşçysy Roza Otunbaýewa gözegçilik we goldaw üçin halkara jemgyýetçiligine ýüz tutdy.

Lýuksemburgda 26-njy aprelde duşuşan Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleri beýannama kabul edip, Gyrgyzystanda kanun häkimligini, adam hukuklaryny doly hormatlaýan demokratik hökümetiň bolmagyny isleýändiklerini bildirdiler.

Resmileriň aýtmagyna görä, Ýewropa Bileleşigi Gyrgyzystanyň wagtlaýyn hökümetiniň prezidentiň ygtyýarlyklaryny berk çäklendirmek baradaky niýetini gyzgyn garşylaýar.

Bişkegiň wagtlaýyn häkimiýetleri ýaňy täze Baş kanunyň taslamasyny taýýarlap, halkyň maslahatyna goýdular. Bu taslamada parlamentiň ygtyýarlylygyny güýçlendirmek göz öňünde tutulýar.

Yza tesme bolmaly däl...

Ýewropa Bileleşigi häzir ýurtda ýaňy-ýakynda bolan bidüzgünçiliklerden zyýan çeken adamlara kömek bermek üçin taýýarlyk görýär. Has zerur ilkinji kömekleri hökümete degişli däl guramalar-da berýärler.

Bileleşigiň Merkezi Aziýa boýunça wekili Pier Morel ÝB-niň Gyrgyzystanyň wagtlaýyn hökümetini resmi taýdan ykrar etmek niýetiniň ýoklugyny bildirdi. Onuň aýtmagyna görä, ÝB-ni häzir gyzyklandyrýan esasy zat - howply ýagdaýy durnuklylaşdyrmak.

Ýöne Bileleşik regional täsir barada barýan oýunlara gatyşmakçy däl. Orsýet Bakyýewiň Manas howa bazasyny Birleşen Ştatlara kireýine bermegini köp wagtdan bäri tankytlap gelýär. Birleşen Ştatlaryň Owganystana aralaşmagynda we ol ýurda ýük daşamagynda Manas möhüm nokat bolup durýar.

1992-nji ýylda Fransiýanyň Gyrgyzystandaky ilkinji ilçisi bolan Pier Morel Ýewropa Bileleşiginiň resmileriniň Gyrgyzystanyň täze ýolbaşçylarynyň aglabasy bilen köp wagtdan bäri gatnaşyk saklaýanlygyny aýtdy. Ol: “Daşary işler ministrleriniň duşenbe güni kabul eden beýannamasynda hiç bir ýagdaýda ýurtda yza tesme bolmaly däldigi aýdyň görkezildi. Bişkekde hem muňa düşünildi” diýdi.
XS
SM
MD
LG