Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystandaky partlama alty adamy öldürdi


Owganystanyň günorta-gündogarynda ýol ýakasynda goýlan bomba düýn çaklaňja awtobusda barýan alty adamy öldürdi. Bu partlama Pakistan bilen serhediň golaýynda, Host welaýatynyň Tani etrabynda boldy.

Ýerli resmiler ölenleriň arasynda aýallar bilen çagalaryň hem bardygyny aýdýarlar.

BMG Owganystanda her ýyl zorlukly wakalar netijesinde 2 müň çemesi adamyň ölýändigini aýdýar. Ol adamlaryň köpüsi talyplar ýa-da talyplara ilteşikli pitneçileriň hüjümleriniň pidasy bolýarlar.

Düýn Kandagar welaýatynda bir tire baştutany öldürildi. Ýerli resmiler Argandab etrabynyň tire baştutany Hajy Abdul Rahmanyň ölümini talyp jeňçilerinden görýärler.
XS
SM
MD
LG