Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet Ukrainadan “mähir” tapdy


Ukrainanyň täze saýlanan prezidenti Wiktor Ýanukowiç bilen ors prezidenti Dmitriý Medwedew öten hepde Harkowda bir şertnama gol çekişmek bilen, Ukrainanyň Günbatara ýykgyn eden öňki ýolbaşçylarynyň simwoliki ähmiýetli syýasatlaryny tersine öwürdiler.

Ýanukowiç Sewastopol portundaky harby-deňiz bazasyny Orsýetiň Gara deňiz flotunyň ulanmagy baradaky şertnamanyň möhletini uzaldyp, ony iň azyndan ýene 25 ýyla ýetirdi.

Ukrainleriň aglabasy bu bazany orslar duşmançylykly maksat üçin ulanýar diýen pikirde. Öňki prezident Ýuşenko 2017-nji ýylda möhleti tamamlanansoň, bu şertnamany uzaltmazlygy wada edipdi.

Indi Ukrainanyň täze prezidenti Wiktor Ýanukowiçiň bu möhleti has uzaltmagy bilen, Orsýet hem öz gezeginde Ukraina satýan gazynyň bahasyny 30 prosent aşaklatdy. Bu hem Kiýew üçin aşa köp pul. Ors resmileri bu ylalaşyga begenýändiklerini gizläp hem durman, ony “taryhy ylalaşyk” diýip atlandyrdylar.

“Moskwa üçin puldan ýokarda durýar”

Premýer-ministr Wladimir Putin: “Baza üçin gaz, bu gymmat töleg. Ýöne Ukraina bilen hyzmatdaşlyk Moskwa üçin puldan ýokarda durýar” diýdi.

“Harby ugurda hyzmatdaşlyk iki ýurduň arasynda birek-birege bolan ynam derejesini artdyryp, bize ykdysadyýetde, sosial sferada, şeýle hem syýasatda ynam bilen işleşmäge mümkinçilik berýär. Iň möhümi şu” diýip, Putin belledi.

Ýanukowiçiň häkimiýet başyna gelenine ýaňy iki aý boldy. Ýöne Harkow ylalaşygy onuň öňki prezidentiň ýurtda Moskwanyň täsirini azaltmak baradaky syýasatyny üýtgetmek üçin eden ýeke-täk göçümi däl.

Ukrainanyň käbir oppozisiýa wekilleri: “Saýlaw kampaniýasynda Ýanukowiç ýurduň daşary syýsatynyň esasy maksadynyň Ýewropa Bileleşigine ýakynlaşmaklyk boljakdygyna wada beren-de bolsa, onuň syýasaty iş ýüzünde Kiýewi Moskwanyň täsiriniň astyna dolaýar” diýýärler.

Oppozisiýa gazaba münýär

Häzir oppozisiýa ýolbaşçylyk edýän öňki premýer-ministr Ýulia Timoşenko Harkow ylalaşygyny “Ukraina duşmançylykly” ädim diýip atlandyrdy.

“Bu diňe bir dönüklik däl. Bu biziň ýurdumyzyň garaşsyzlygyny, ýokary döwlet häkimiýetimizi sistemalaýyn dargatmagyň başlangyjy” diýip, Timoşenko häsiýetlendirdi.

Günbatarda köp adamlar Ýanukowiç belli bir derejä çenli bitarap syýasat alyp barar diýip, pikir edipdiler. Ýöne, bu garaşylanlar çykman, ol Ukrainanyň Orsýet bilen gatnaşygynda esasy mesele bolup durýan tebigy gazyň baha meselesinden peýdalanyp, Moskwanyň täsirini güýçlendirdi.

Ýanukowiçiň beýle çalt herekete geçmegi Ukrainada köp adamlary aňk-taňk etdi. Syýasy ekspert Wolodymyr Fesenkonyň pikiriçe, täze prezidentiň eden-etdilikli hereketleri Ukrainanyň syýasy sistemasynyň özenini üýtgedýär.

“Formal taýdan ýurt parlamentar-prezidentlik respublikasy. Iş ýüzünde welin, bizde prezidentlik-parlamentar sistemasy bar. Bu bolsa, iň esasy syýasy organ, karar çykarýan esasy güýç prezident diýmekdir” diýip, syýasy ekspert Wolodymyr Fesenko belleýär.
XS
SM
MD
LG