Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz rewolýusiýasy eksport edilermi?


Gyrgyzystanda prezident Kurmanbek Bakyýewiň döwlet başyndan gitmegine getiren häkimiýet agdarylyşygy Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlaryna nähili täsir edip biler? Gyrgyzystandaky hökümete garşy gan döküşikli protestlerden bäri regionda şu sorag häli-şindi gaýtalanýar.

Bu ýöne ýere däl. Sebäbi Gyrgyzystanda bu protestlere getiren şertler Orta Aziýanyň beýleki ýurtlarynda-da bar. Bäş respublikanyň bäşisi-de, tapawutly derejelerde-de bolsa, syýasy erkinligi, söz azatlygyny çäklendirýänligi, garaşsyz media gysyş görkezilýänligi sebäpli ýiti tankyt astynda.

Gyrgyzystanda Bakyýewiň hökümetiniň başyna ýeten zatlardan birem onuň möhüm döwlet wezipelerinde öz ogullaryny, garyndaşlaryny ýa ilen-çalanyny oturtmagy bilen bagly dörän gahar-gazap boldy.

Meňzeşlikler we tapawutlar

Tire-taýpaçylygyň tasirleri örän ýiti duýulýän Türkmenistany hasaba almasaň-da, Orata Aziýanyň beýleki ýurtlarynda uly söwdany, banklary öz kontrollygynda saklaýan, syýasata güýçli täsir edýän prezidentleriň maşgala agzalary bolup durýar. Ýöne Gyrgyzystan bilen onuň goňşularynyň arasynda bar bolan bu meňzeşlikler bu ýurtlarda hökman Gyrgyzystandaky ýaly netijelere getirer diýip garaşyp bolmaz.

Mysal üçin, Gyrgyzystanda oppozisiýanyň parlamentde öz fraksiýasy bar. Özbegistanda bolsa parlamenti düzýän güýçler häkimiýet başyndaky partiýanyň agzalary bilen hökümetiň gepinden çykmaýan beýleki toparlar.

Türkmenistanda ýörgünli zat - şol öňki bir partiýalylyk. Gazagystanda parlamentiň ähli orunlary prezidentparaz “Nur Otan” partiýasynyň elinde.

Täjigistanly syýasy analizçi Sabur Wahhobyň pikriçe, Orta Aziýanyň beýleki ýurtlarynda Gyrgyzystandaky ýaly güýçli oppozision şahsyýetler ýok: “Regionyň beýleki ýurtlarynda adamlary öz daşyna üýşürip biljek tejribeli syýasy ýolbaşçylar ýok. Adamlara ynanyp, bil baglar ýaly bir ýolbaşçy gerek”.

Bakyýew bilen Merkezi Aziýanyň beýleki prezidentleriniň arasyndaky esasy tapawut olaryň töweregindäki adamlar. Merkezi Aziýanyň beýleki ýolbaşçylary möhüm ministrlikleri öz kontrollygynda saklaýarlar.

Moskwaly žurnalist Wladimir Muhin bu barada birnäçe mysal getirýär: “Mysal üçin, Täjigistanda birnäçe ýyl bäri Goranmak ministri bolup oturan Şeraly Haýrullaýew Emomaly Rahmonyň welaýatdaşy, ol hem Kulýabdan. Özbegistanda hem prezident ilki-ilkiler bular ýaly orunlara diňe öz obadaşlaryny getirýärdi”.

Goňşy ýurtlardaky gorky

Gyrgyzystanda bolan wakalara Merkezi Aziýanyň döwlet kontrollygyndaky mediasynda köp orun berilmänligi onuň özlerine ýetjek täsirinden gorkulandygyny görkezýär. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň resmi mediasynda Gyrgyzystan wakalaryna aýratyn üns berilmedi. Türkmenistanda bolsa, bu barada asla dymyldy. Ýöne munuň özi bu wakalaryň regionyň hökümetleriniň ünsüni özüne çekmän, sowa geçip gidendigini aňlatmaýar.

Gyrgyzystanda gozgalaňyň möwjän döwri Nursoltan Nazarbaýew: “Beýle zatlar Gazagystanda bolmaz” diýip, welilik satdy. Ol 27-nji aprelde hem Gyrgyzystandaky wakalary “häkimiýet üstünde barýan göreş” diýip häsiýetlendirdi. Nazarbaýew: “Bu rewolýusiýa däl-de, duranja garakçylyk” diýip, goňşularyndaky wakalara özüçe baha berdi.

Gyrgyzystandaky rewolýusion ýagdaýy goňşy ýurtlara eksport etmek mümkinçiligi nähili? Elbetde, bu gozgalaňyň gyrgyz topragyna hakyky demokratik özgerişleri getirip biljekdigine ýa-da bilmejekdigine bagly bolar.
XS
SM
MD
LG