Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda 7 sany parahat ýaşaýjy öldürildi


Owganystanyň gündogaryndaky Paktiýa welaýatynda düýn kiçi awtobus partlanda, 7 adam ölüp, 14 adam ýaralandy.

Welaýatyň Zurmat etrabynda bolan bu terror hüjümini gözi bilen görenleriň aýtmagyna görä, ölenleriň hem ýaradar bolanlaryň arasynda aýallar we çagalar hem bar.

Häkimiýetler häzirlikçe bu partlama barada hiç hili resmi beýanat bilen çykyş etmediler.

Owganystanda bolýan terrorçylykly işlerde parahat ilatyň häli-şindi pida bolýandygyny ýekşenbe güni ýurduň Içeri işler ministrligi habar berdi. Bu maglumata gorä, diňe 21-nji mart bilen 21-nji aprel aralygynda şeýle wakalarda 173 adam heläk bolupdyr. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 30% köpdür.
XS
SM
MD
LG