Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Öňki gyrgyz ministriniň 9 million dollary tapyldy


Şu gün gyrgyz häkimiýetleri Gyrgyzystanyň ozalky goranmak ministri Bakyt Kalyýewe degişli 9 milliona golaý dollaryň tapylandygyny habar berdiler.

Ol pullar bankda öňki ministre degişli seýf-sandykda goýlan eken. Iş başyndaky baş prokuror Baýtemir Ibraýew Azatlyk Radiosyna nagt puldan daşary, başga bir seýf-sandyga salnan möhürleriň hem tapylandygyny aýtdy.

Baýtemir Ibraýew ol möhürleriň Bişkek etraplaryna degişli bolup, gyrakladylan prezidentiň adamlary tarapyndan maliýe serişdelerini ondan-öna geçirmek üçin ulanylan bolmagynyň mümkindigini öňe sürdi.

Häzirki wagt Kalyýew tussag astynda we onuň işi boýunça derňew dowam edýär.
XS
SM
MD
LG