Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Talyplar Nimroz welaýat merkezinde başagaýlyk döretdiler


Owgan talyplary şu gün ýurduň günorta-günbataryndaky Nimroz welaýatynyň administratiw edaralaryna hüjüm etdiler.

Welaýatyň häkimi Gulam Dastagir Azadynyň maglumatyna görä, onuň kabulhanasynyň agzynda birnäçe janyndan geçen terrorçy özüni partladypdyr. Şondan soň ýaragly söwesijiler topary bilen garawullaryň arasynda atyşyk başlanypdyr.

Şol bir wagtda bu welaýatyň mejlisine hem ýerli suduň jaýylaryna-da hüjüm boldy.

Wakany görenleriň aýtmagyna görä, welaýatyň merkezi Zaranj säherinde azyndan 7 partlama bolupdyr.

Häzirki maglumata görä, bu hüjümlerde azyndan 3 adam ölüpdir, olaryň arasynda ýerli deputat hem polisiýa gullukçysy hem bar.
Söwesijileriň ýitgisiniň takyk sany belli däl.
XS
SM
MD
LG