Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň wise-prezidenti Ýewropa parlamentinde çykyş etdi


ABŞ-nyň wise-prezidenti Jo Baýden 6-njy maýda Ýewropa parlamentinde çykyş etdi we Eýran meselesini gozgady.

Ol “ABŞ we Ýewropa Bileleşigi bile işleşip, Eýranda ýadro ýaragy döredilmez ýaly iş alyp barýarlar” diýip, Ýewroparlamentdäki çykyşynda belledi.

Baýden Eýranda ýadro ýaragy döredilen halatynda bu ýagdaýyň hem Eýranyň raýatlaryna hem-de goňşy ýurtlaryň raýatlaryna wehim salyp biljekdigini duýdurdy.

“Eýranyň goňşy ýurtlarynyň arasynda bolsa biziň ýakyn ýaranlarymyz bar. Şonuň üçin biz bu mesele bilen bagly Eýran liderleri bilen gepleşik geçirip, ylalaşmaga synanşýarys”, diýip, Jo Baýden belledi.

Ýewropa saparynyň barşynda Baýden terrorçylardan abanýan howp barada we onuň öňüni almak üçin edilmeli işler hakda gepleşikleri geçirer diýlip garaşylýar.

ABŞ-nyň ýokary derejeli wekili Brýusselde Ýewropa Bileleşiginiň we NATO-nyň ýolbaşçylary bilen duşuşmagy göz öňünde tutýar.

“International Herald tribune” gazetine beren interwýusynda Jo Baýden Ýewropa ýurtlary bilen hyzmatdaşlyk etmegiň öz ýurdunyň daşary syýasatynyň ileri tutýan ugurlarynyň biridigini aýtdy.

Emma Baýden şol hyzmatdaşlygyň “häzir hem geljekde ýüze çykyp biljek meselelere degişli bolup, geçmiş bilen bagly bolmaly däldigini” nygtady.
XS
SM
MD
LG