Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

«Ýumşak basyş» Gyrgyzystan üçin netijeli bolarmy?


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamanyň daşary gatnaşyklar boýunça baş geňeşçileriniň biri Maýkl MkFaul Azatlyk Radiosyna interwýu berýär.
ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamanyň daşary gatnaşyklar boýunça baş geňeşçileriniň biri Maýkl MkFaul Azatlyk Radiosyna interwýu berýär.

4-nji maýda ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamanyň daşary gatnaşyklar boýunça baş geňeşçileriniň biri Maýkl MkFaul Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkege sapara bardy. Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugy Jenap MkFaul bilen Gyrgyzystandaky häzirki ýagdaýlar barada yörite söhbetdeşlik geçirdi.


Azatlyk Radiosy: Jenap MkFaul, siz Bişkege eden saparyňyzda «hyzmatdaşlyk penjiresiniň» açylandygy barada gürrüň etdiňiz. Siz şol «hyzmatdaşlyk» diýýäniňiziň ugry, formaty we perspektiwasy barada gürrüň berip bilmermisiňiz?

Maýkl MkFaul: Menem, Obamanyň administrasiýasam aprel aýynda siziň ýurduňyzda bolan wakanyň aýylganç wakadygyna düşünýäris. Bigünä adamlar janyndan jyda düşdüler. Bu wakalarda bolan zatlara hemmetaraplaýyn göz ýetirmek üçin wagt gerek bolar, ol edilen işler üçin jogap hem berilmeli. Ýöne, beýleki tarapdan, bu ýüze çykan tragediýa öz gezeginde käbir mümkinçiliklere hem ýol açýar.

Häzirki wagt siziň halkyňyzyň edýän işi – Gyrgyzystanda dolandyryşyň hakyky demokratik sistemasyny ornaşdyrmak üçin hakyky mümkinçilik. Men bu ýerde «geçiş hökümeti» diýemok-da, hut «siziň halkyňyz» diýen sözi ýörite ulanýaryn.

Obamanyň administrasiýasynyň nukdaýnazaryndan, biz bu prosese, nähili ýol bilenem bolsa, goldaw bermek isleýäris. Biz Gyrgyzystandaky haýsydyr bir lider ýa-da partiýa bilen däl-de, eýse Gyrgyzystanyň halky bilen hyzmatdaşlyk etmek isleýäris.

Azatlyk Radiosy: Siziň pikiriňizçe, Barak Obamanyň administrasiýasynyň «ýumşak basyş» diýip atlandyrýan strategiýasy postsowet ýurtlary, şol sanda Gyrgyzystan üçinem netijeli bolup bilermi?

Maýkl MkFaul:
Prezident Obama biziň öz nusgalyk hereketlerimiziň güýji bilen beýleki ýurtlara täsir edip biljekdigimize we olar bilen gowy gatnaşyklary ýola goýup biljekdigimize berk ynanýar. Üns beren bolsaňyz, ol beýleki ýurtlar bilen hyzmatdaşlyklar babatynda köplenç «birek-birege hormat goýmak» diýen sözleri ulanýandyr.

Şol bir wagtyň özünde-de biz diňe bir hökümetleriň derejesinde gatnaşyk saklaman, eýse dünýäniň halklary, şol sanda Gyrgyzystanyň halky bilenem göni hyzmatdaşlyklary ýola goýmaga çalyşýarys. Hususan-da, biz öz graždan jemgyýetimiz we halkymyz bilen Gyrgyzystanyň graždan jemgyýetininiň we halkynyň arasyndaky gatnaşyklara ýardam berip, olaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ýola goýmaklaryny isleýäris. Bu Barak Obamanyň strategiýasy, şu-da biziň filosofiýamyz. Munuň özi biziň daşarky syýasata bütinleý täzeçe çemeleşmämizdir.

Azatlyk Radiosy: Gyrgyzystanyň Baş prokuraturasy Manas aeroportundaky tranzit merkezini ýangyç bilen üpjün ediji kompaniýalara garşy jenaýat-derňew işlerini ýola goýdy. Bu ugurda biz Amerikan tarapyndan nähili hereketlere garaşyp bileris?

Maýkl MkFaul: Biz bu tranzit merkezi, şeýle hem Amerikan hökümetiniň Gyrgyzystandaky ähli işleri bilen baglanyşykly tölegler we pullar babatynda açyk iş alyp barmaga çalyşýarys. Biz bu babatda öňem şeýle hereket edipdik, ýöne, meniň pikirimçe, biz bu ugurda ýene-de köp işleri edip bileris.

Biz gelejekde ýörite websaýt döredip, kime nähili tölegiň tölenýändigini hemmeler biler ýaly şol websaýt arkaly bu hakdaky maglumatlary gös-göni garaşsyz metbugata we gyrgyz halkyna elýeterli etmegi planlaşdyrýarys.

Korrupsiýa bilen bagly anyk günä bildirmeler barada aýdylanda bolsa, men bank hasaplary derňemeklige, pullaryň nirelere gidendigini we olaryň nähili maksat bilen ulanylandygyny anyklamaklyga mümkinçilik berýän dürli hili enjamlar bar. Bişkege saparymyň barşynda men şeýle enjamlary ýurduň geçiş hökümetine gowşurdym. Umuman, biz Gyrgyzystanyň geçiş hökümeti bilen hyzmatdaşlyk etmäge doly taýýar. Öz tekliplerimize jogap alan badymyza, biz bu meselelerde wagtlaýyn hökümet bilen mümkin bolan ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk ederis.
XS
SM
MD
LG