Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Medwedew: “Staliniň jenaýatçylyklary ýatdan çykmaz”


Anna güni Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew ozalky Sowet diktatory Iosef Staliniň öz halkyna garşy eden jenaýatçylyklarynyň hiç haçan ýatdan çykarylmajykdygyny nygtap çykyş etdi.

Orsýetiň «Izwestiýa» gazetine bu barada beren interwýusynda prezident Medwedew Staliniň ýolbaşçylygynda ýurduň köpsanly öňegidişlikleri gazanandygyna garamazdan, halkyň garşysyna köp, orän uly jenaýatçylyklaryň hem edilendigini belledi.

Mundan daşary, ol Staliniň ýolbaşçylygynda Sowet Soýuzynynda ýönekeý hukuklara we azatlyklara hem ýol bermeýän totalitar režimiň höküm sürendigini-de nygtady.
XS
SM
MD
LG