Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Atalar maksadyna ýetdimi?!


9-njy Maý - Beýik Ýeňiş günüdir!

Uruşda nähili aýylganç wakalaryň bolýandygyny sanamak hökman däl. Uruş - uruş bolýar. Uruşda her hili aýylgançlyklaryň bolýanyna, ol ýerde gowy zadyň bolmaýandygyna ähli adamzat düşünýär.

Uruşlaryň bary hem meňzeş. Olar adam perzentleriniň ömür tanapyny üzýär. Adamlary betbagt edýär.

Biziň üçin «Beýik Watançylyk urşy» diýlip atlandyrylan - Ikinji jahan urşy hem şol döwürdäki watandaşlarymyz üçin öwezini dolup bolmajak betbagtçylyk boldy.

«Gitler Germaniýasy ähtiýalanlyk bilen Sowet Soýuzynyň üstüne çozdy» diýip, taryh sapaklarynda bize öwreden-de bolsalar, soňra okap, hakykaty bilşimize görä, ýurtlary paýlaşmagyň üstünde oňuşman, Stalin bilen Gitleriň bilelikde başlan bu urşy dünýä halklarynyň köpüsiniň başyndan betbagtçylyk bolup indi.

«Halk Watan goragyna gitdi» diýen söze köp türkmenleriň gahary gelýär. «Biz Watan goragyna gitmedik, orsuň Watanynyň goragyna gitdik» diýip, özara sögüşýänlerem bar. Ýöne bu nädogrudyr. Ir-u-giç Gitlerçi goşunlaryň türkmen topragyna hem geljegi ikuçsyzdy.

Ýitgi uly boldy

Garaz, öz Watanymyz üçin gidilenem bolsa, ors Watany üçin gidilenem bolsa, jahana ot beren şol urşa - Ikinji jahan urşuna türkmenlerem gatnaşdylar. 18 ýaşdan 50 ýaş aralygynda bolan erkek kişileriň ählisi urşa alnyp gidildi. Käbir öýlerden 16-17 ýaşly ýetginjekler hem öz islegleri boýunça arza ýazyp, urşa gidipdirler. Kä öýlerden dört-bäş ogul urşa gidip, hiç biri dolanyp gelmändir. Kä kişiniň ýeke ogluny alyp gidipdirler. Ol hem uruşdan dolanmandyr.

Elbetde, uruş meýdany aýylganç meýdan. Ol meýdanda ýa-ha ölmeli, ýa-da el-aýakdan, gözden aýrylmaly. Maýyp-müjrip bolmaly. Gitse-gelmez ýurdy ýaly, ol ýerden aman dolanma ýok.

Biz mydama urşa gidenler, uruşdan dolanmadyklar hem-de ol ýerden maýyp-müjrip bolup gelenler hakda gürrüň edýäris. Urşa gitmeseler-de, tylda galanlaryň ýagdaýy hem uruş meýdanynda bolanlaryňkydan kem bolmandy. Açlyk, keselçilik, munuň-da üstesine, halk hojalygyny ýöretmek - ekinleri ekmek, ýygnamak, goşuny azyk önümleri bilen üpjün etmek - ine, uruş ýyllarynda aýallaryň başyna-da şeýle işler galypdy. Olar zawod-fabriklerem ýöredipdiler, pagtadyr bugdaý, gök hem bakja önümlerinem ýetişdiripdiler, çagalara-da seredipdiler. Agyr-agyr kesekleri arkalaryna göterip, täze pagta meýdanlaryny açypdylar. Un zawodlarynda halta-halta unlary eginleri bilen çekipdiler.

Açlykdan ölenler-de kän bolupdy. Ýedi-sekiz, on iki ýaşly çagalary ýap gazmak, pagta ýygmak ýaly işlere äkidipdiler. Ol aýylganç ýyllarda ilatyň jebir çekmedik bölegi ýok. Erkekler-de, aýallar-da, çagalarda jebir çekdiler. Uruşdan soňky ýyllar obalarda däli aýallar köpdi. Olar uruşdan gelmedik ogullarynyň aýralygyna çydap bilmän, akyly üýtgän enelerdi.

Faşizm ýeňildi, başizm ýeňdirenok

Bu jebirler näme üçin çekildi? Atalar «Nesillerimizi goralyň. Duşmanyň aýagyny sekdirmesek, nesillerimiz Watanda arkaýyn ýaşarlar» diýip, urşa gitdiler. Enelerimiz «Çagalarymyz bagtly ýaşasyn» diýip, uruş ýyllarynyň betbagtçylyklarynda ömürlerini kül etdiler. Atalarymyz söweş meýdanynda jan berende: «Nemes faşistlerini ýeňsek, çagalarymyz yzymyzda bagtly ýaşarlar» diýip, jan berdiler.

Urşa gidenler nemes faşistlerini ýeňip, bäş ýylyň içinde Ýeňiş gazandylar. Emma urşa gidenleriň çagalaryna ýigrimi ýylyň içidir, türkmen başistleri welin ýeňdirenok. Perzentler Garaşsyz ýurtda atalaryň arzuw edip giden bagtyny tapmadylar. Olar okuwsyz, işsiz galdyryldy. Pulsuz, öýsüz galdyryldy. Faşistik Germaniýany ýeňip, Beýik Ýenşi getirenleriň perzentleriniň köpüsi bolsa başistik düzgüniň pidasy bolup, türmelere gitdiler, köpüsi Watany terk edip, daşary ýurtlara ýaşamaga gitdiler.

Zalymlygyň üstünden gazanylan Ýeňşi gorap saklap bilmeseň, perzentler üçin mydama-da bela kän.

Serdar Gulgeldiýew aşgabatly synçynyň edebi lakamy. Şu blogda öňe sürlen pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG