Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

J.Gedmin: “Azatlyk Radiosy dostuňyz bolup galar”


Ýakynda Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň prezidenti Jefri Gedmin Täjigistanyň “Millot Weekly” neşirine interwýu berdi. Jenap Gedmin şol neşiriň baş redaktory, žurnalist Adolat Mirzo bilen söhbetdeşlikde “Merkezi Aziýa ýurtlarynyň häkimiýetleriniň köpüsiniň Azatlyk Radiosyndan howatyrlanmagyna näme sebäp bolýar?” “Azatlyk Radiosynyň missiýasy nämeden ybarat?”diýen ýaly sowallara jogap berdi.

RFE/RL President Gedmin Tajik Interview
please wait

No media source currently available

0:00 0:05:05 0:00


Adolat Mirzo: Jenap Gedmin, Sowuk uruş döwründe Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň maksady biziň halklarymyza öz ýurtlaryny azat etmäge ýardam bermekden ybarat boldy diýlip hasaplanýardy. Sowet Soýuzy dargansoň, Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy nämeleri maksat edinýär? Bu barada şol döwürden galan garaýyşlary özgertmek ugrunda siz näme edýärsiňiz?

J.Gedmin: Biz öz üstünliklerimiziň pidasy bolduk. Sebäbi Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy Sowuk uruş döwründe ilat arasynda örän meşhur metbugat çeşmesidi. Biz Gündogar Ýewropada hem Sowet Soýuzynda kommunizmi ýok etmek ugrunda köp iş etdik hem bu ugurda üstünlik gazandyk. Şol tejribämiz üçin-de adamlaryň “bular sowuk urşuň guraly boldy” diýip, pikir etmekleri mümkin.

Häzir ýagdaý nähili? Hawa biz häzir hem öňki eden işimizi dowam etdirýäris. Ýagny, eger belli bir ýurtda erkin, garaşsyz hem gowy ýola goýlan metbugat bolmasa, şol ýurtda häkimiýetler tarapyndan garaşsyz metbugat ýaly zatlar ret edilýän bolsa, şol döwletde awtoritar režim höküm sürýän bolsa, biz halka azat, garaşsyz maglumat berip, dürli çekeleşikleri gurnap, maglumatlar arkaly olaryň sowadyny ýokarlandyrmaga synanyşýarys. Ýagny, şeýle maglumatlary elýeterli edip, olara öz ýollaryny saýlamaga mümkinçilik döredýäris.

Biz “näme etmeli? özüňi nähili alyp barmaly? haýsy häkimiýetleri saýlamaly?” diýen ýaly meseleler boýunça maslahat bermeýäris. Biz diňe halka garaşsyz, bitarap maglumaty ýetirmäge çalyşýarys.

Bu ýagdaýda azat adam – diktatura bilen eden işleri babatda jogapkärçilik çekýän hökümetiň, halkyna hasabat berýän hukuk döwletiniň arasynda öz erki bilen birini saýlamaly bolsa, ol hemişe edýän işleri barada halka hasabat berýän hökümeti saýlar.

Adolat Mirzo: Merkezi Aziýanyň köp ýurtlarynda, şol sanda hem Täjigistanda käbir adamlar Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy hökümeti çalşyp, häkimiýet başyna Amerikany goldaýan syýasatçylary getirmegi maksat edinýär diýen pikirde. Türkmenistan, Özbegistan ýaly ýurtlarda Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň býurosynyň ýoklugy hem bu aýdanlarymy subut edýär. Siz bu garaýyşlar barada näme pikir edýärsiňiz?

J.Gedmin: Hökümeti çalyşmak ýaly meseleler Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň missiýasyna girmeýär. Adamlaryň şeýle pikir etmegi biziň göwnümizi göterýär, ýone biz diňe bir radiostansiýadyrys. Biziň hökümet çalşygyny amala aşyrmak üçin mümkinçiliklerimiz hem ýok.

Hakykatda awtoritar döwletleriň özleri, siz Türkmenistan bilen Özbegistany agzadyňyz, bu ýurtlarda, elbetde, belli bolşy ýaly, berk awtoritar režimler höküm sürýärler, şeýle ýurtlaryň häkimiýetleriniň özleri bizden olara howp abanýar diýip, pikir edýärler.

Özem şeýle režimler üçin diňe biz, ýagny Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy däl, eýsem erkin metbugatyň wekilleri, adam hukuklaryny goraýjylar, graždan jemgyýetiniň ösmegi ugrunda tagalla edýänler, garaz, bu ugurda hereket edýänleriň hemmesi-de howply bolup görünýär.

Adolat Mirzo: Jenap Gedmin, häzir radionyň gysga tolkunlarynyň möwrüti ötdi, internet radiosyna hem telegepleşiklere köp üns bermeli diýen pikir bilen ylalaşýarsyňyzmy?

J.Gedmin: Men, hawa, ylalaşýaryn diýip jogap beresim gelýär. Biz bu ugurda hereket edip başladyk. Biz käbir telegepleşikleri berip başladyk, biziň gaty köp maglumatlarymyz internetde çap edilýär, internetde biziň žurnalistlerimiziň taýýarlan wideolaryny görüp bilersiňiz. Biz jübi telefonyň SMS-i arkaly hem maglumatlarymyzy ýaýradýarys.

Başgaça aýdanyňda, biz öz diňleýjilerimize elýeterli bolmak üçin elimizden gelenini edýäris. Her halda käbir ýurtlarda henizem radio köp diňlenýär. Eýran ýaly ýurtda internetiň bloglary örän meşhur, käbir ýurtlarda-da radionyň gysga tolkunlary diňleýjilerimiz üçin gaty peýdaly. Şonuň üçin biz arassa pragmatizmden ugur alyp, öz auditoriýamyza elýeterli bolmak üçin ähli mümkinçilikleri ulanmaga taýýar. Ýagny, Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy diňe radiogepleşikler bilen çäklenmeýär.

Men bütin Birleşen Ştatlaryň adyndan ýa-da amerikan metbugatynyň adyndan gürläp biljek däl, emma Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň häzir hem, geljekde-de siziň dostuňyz bolup galjakdygyny nygtasym gelýär.
XS
SM
MD
LG