Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türk we grek hökümetleriniň “taryhy” maslahaty geçirildi


14-nji maýda Afinyda “taryhy” diýlip atlandyrylýan türk hem grek hökümetleriniň bilelikdäki maslahaty geçirildi. Onda ykdysady hyzmatdaşlyk we beýleki meselelere garalandygy habar berilýär.

10 ministrden ybarat bolan hökümet delegasiýasyna baştutanlyk edip Afina baran Rejep Taýyp Ärdoganyň bu saparyň netijesinde Gresiýa bilen uzak wagt dowam eden dartgynlygyň aradan aýrylyp, iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklarda täze döwrüň başlanmagyna umyt edilýär.

Bu iki ýurduň hem NATO-nyň agzasy bolandyklaryna garamazdan, olaryň arasynda Kipr adasynyň ikä bölünmegi we beýleki meseleler babatda sowuklyk emele gelipdi. Emma soňky birnäçe ýyllykda Türkiýä bilen Gresiýanyň arasyndaky gatnaşyklar kadalaşdy.

Bu duşuşyklaryň dowamynda iki tarap özara hyzmatdaşlyga degişli 20-ä golaý yalalaşyga gol çeker diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG