Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran ýadro ýangyjyny çalyşmak boýunça ylalaşdy


Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejad, daşary işler ministri Manuçehr Mottaki we onuň braziliýaly kärdeşi Selso Amorim Tähranda prezidentiň edarasynda, 16-njy maý, 2010-njy ýyl.
Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejad, daşary işler ministri Manuçehr Mottaki we onuň braziliýaly kärdeşi Selso Amorim Tähranda prezidentiň edarasynda, 16-njy maý, 2010-njy ýyl.

Türkiýe bilen Braziliýanyň ýolbaşçylarynyň araçylyk etmegi netijesinde Eýran özüniň pes derejede baýlaşdyrylan uranyny Türkiýede ýerleşdirip, onuň deregine ýadro ýangyjyny almak baradaky teklip bilen ylalaşdy.

Tähranda gol çekilen bu plan Eýranyň ýadro programmasy barada halkara derejesinde barýan dawa-jenjelleri köşeşdirer diýen umydy döretdi.

Ylalaşyga gol çekilensoň, Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejad Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik agzalaryny, şeýle hem Germaniýany dogruçyllyk, adalat we ikitaraplaýyn sylag-hormat esasynda täze gepleşiklere çagyrdy.

Bu ylalaşyk boýunça Eýran 1200 kilogramlyk pes derejede baýlaşdyrylan uranyny Türkiýede ýerleşdirip, onuň deregine Günbatardan 120 kilogram ýadro ýangyjyny alar. Eýran bu ýangyjyň medisina barlaglary üçin gerekdigini aýdýar.

Türkiýä iberilse-de, Eýranyňky

Eýranyň daşary işler ministri Manuçehr Mottaki
Tähranda metbugat konferensiýasynda ylalaşygyň mazmuny barada maglumat beren Eýranyň Daşary işler ministri Manuçehr Mottaki: “Bu uran Türkiýä iberilse-de, Eýranyňky” diýdi.

“Eýran yslam respublikasy pes derejede baýlaşdyrylan 1200 kilogramlyk urany Türkiýede ýerleşdirmek baradaky teklip bilen ylalaşýar. Bu uran Türkiýede bolsa-da, Eýranyňky. Onuň howpsuzlygyny kepillendirmek üçin Eýran bilen Atom energiýasy boýunça halkara agentligi tarapyndan ol ýerde gözegçi goýulmagy mümkin” diýip, Mottaki aýtdy.

Eýranyň Daşary işler ministriniň aýtmagyna görä, Tähran bu plan bilen özüniň ylalaşýandygyny Atom energiýasy boýunça halkara agentligine bir hepdäniň içinde bildirer.

“Wena topary – Birleşen Ştatlar, Orsýet, Fransiýa we Atom energiýasy boýunça halkara agentlik – oňaýly jogap berensoň, indiki alyş-çalyş baradaky düzgünler jikme-jik işlenip, bir şertnama düzüler. Eýran bilen Wena toparynyň arasynda gerekli plan ýola goýlar” diýip, Mottaki belledi.

Bu günki ylalaşyga gol çekenler Eýranyň prezidenti Ahmedinejad, Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Ärdogan, Braziliýanyň prezidenti Luiz Inasio Lula da Silwa.

“Bu şertnama böwsüliş däl”

Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalary Türkiýe bilen Braziliýa Eýranyň garşysyna täze sanksiýalaryň girizilmegine özleriniň garşydyklaryny bildirdiler.

Günbatar Eýranyň ýokary derejede baýlaşdyrylan urany atom bombasyny öndürmek üçin ulanmagyndan gorkýar. Eýran hem özüniň beýle niýetiniň ýokdugyny gaýtalap aýdyp gelýär.

Bu günki ylalaşyk barada entek Atom energiýasy boýunça halkara agentligi ýa-da Waşington tarapyndan edilen beýanat ýok. Ýöne “Reuters” agentliginiň habar bermegine görä, bir ýokary derejeli ýewropaly diplomat: “Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan girizilen teklip esasynda bolmasa, bu şertnama böwsüliş däl” diýipdir.

Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan girizilen teklip boýunça Eýran 3,5 prosent baýlaşdyrylan urany Orsýete ibermeli. Bu uran 20 prosent baýlaşdyrylyp, ol ýerden Fransiýa ýollanmaly. Fransiýa-da ýadro ýangyjyna öwrülip, soňra ol ýene-de Eýrana dolanyp barmaly.
XS
SM
MD
LG