Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet BSG-ä ýakyn wagtda agza bolup bilermi?


Orsýetiň Bütindünýa Söwda Guramasyna girmek hakda bir-de ýatyrylýan, bir-de gaýtadan dikeldilýan planlarynyň çäginde Gümrük bileleşigine girýän Gazagystan hem Belarus bilen bilelikde tagalla etmek meselesi ýene näbelli ýagdaýda galdy.


Ýakynda Orsýetiň premýer-ministriniň orunbasary Igor Şuwalow Bütindünýa söwda guramasyna girmek meselesinde Orsýetiň özbaşdak hereket etjekdigini aýtdy.

Emma bu beýanatdan soň Kreml düşündiriş bermäge howlugyp, Orsýetiň Bütindünýa Söwda Guramasyna girmek meselesi boýunça 5-nji iýulda Gümrük bileleşigine girýän ýurtlaryň sammitinden soň karara belli bir geljekdigini aýtdy.

Ýöne şol sammitde saýlanjak ýoluň Orsýeti gysga wagtda Bütindünýa Söwda Guramasynyň agzalygyna alyp barjak ýoldugy welin, şübhesiz.

Käbir gunbatar neşirleri Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putiniň öz ýurdunyň BSG-ä girmegine garşy çykýandygyna ünsi çekýär. Emma bu Orsýetiň öňden ulanyp gelýän “gamçydyr köke” syýasatynyň alamaty bolsa gerek.

Günbatar hut Putiniň özüniň 2000-nji ýyllarda BSG-ä agza bolmak ugrunda hereket edip başlandygyny we prezidentliginiň iki möhletinde hem bu meseläniň çözülmegi ugrundaky tagallalaryny bes etmändigini ýatdan çykarana meňzeýär. Şondaky beýanatynda Putin “Biziň häzirki esasy wezipämiz – BSG-ä girmegi duşdan geçirmezligimizdir” diýipdi.

Daýhanlara dotasiýa meselesi

Bu gurama girmek meselesinde Orsýetiň öňünde kynçylyk döredýän esasy mesele oba hojalygyna berilýän dotasiýalar bilen baglydyr. Ýagny, bu gurama girmek isleýän ýurt, oňa girmezinden üç ýyl öň oba hojalygyna edýän dotasiýalaryny köpeltmegi duruzmaly. Ýagny, bu guramanyň düzgüni boýunça, dotasiýalary artdyrmak gadagan edilýär.

Orsýetiň oba hojalyk pudagyna edýän dotasiýalarynyň onsyzam gaty pes bolmagy entek global krizis başlamanka, bu pudagyň çökmegine getiripdi. Häzir bolsa, BSG-ä girmek üçin dotasiýalaryň möçberi köpeldilmese, Orsýetde daýhanlaryň jemgyýetiň bir synpy hökmünde düýpden ýok bolup gitmegine getirip biler. Onsoňam, Orsýet oba hojalygyna töleýän dotasiýalarynyň möçberini artdyran halatynda-da, şol kömek hökmünde beriljek serişdeleriň möçberi Ýewropa ýurtlarynyňkydan has azdyr.

BSG bu ýagadaýy kadadan çykma ýagdaý hökmünde ulanyp, Orsýet daýhanlaryna ýardam bermäge rugsat edibem bilerdi. Emma Günbatar bu meselede öz prinsiplerinden dänmek islemeýär. Sebäbi Bütindünýa Söwda Guramasyna girmek düzgüni bir gezek bozulsa, bu ýagdaýdan beýlekiler hem peýdalanmaga synanyşyp bilerler. Netijede azyk harytlarynyň halkara derejesindäki söwdasyny liberallaşdyrmak babatda edilen tagallalaryň ýok bolmak howpy döräp biler.

Bu kyn ýagadaýdan çykmak üçin Orsýet Gümrük bileleşigine girýän beýleki iki ýurt bilen birigip, Bütindünýa Söwda Guramasyna girmek ýoluny işläp düzdi. Muňa Belarus häkimiýetleriniň öz daýhanlaryna töleýän dotasiýasynyň Orsýetiňkiden takmynan iki esse köpdügi sebäp bolýar. Bu ýagdaýda bolsa üç ýurduň dotasiýalarynyň ortaça mukdaryny alyp, hem BSG-niň düzgünini berjaý edip bolardy, hem-de rus daýhanlarynyň dotasiýasyny galdyryp, bu kyn ýagdaýdan çykalga tapyp bolardy.

Teoriýany nädip durmuşa geçirmeli?

Emma bu, göräýmäge, ýönekeý teoriýany durmuşa geçirmek aňsat bolmaz. Sebäbi şu çaka çenli hiç kim bu gurama aýry-aýrylykda däl-de, birnäçe ýurt bolup bileleşip girmändi. Diýmek, bu meselede býurokratik päsgelçilikler köp bolar. Gümrük bileleşiginiň öz içinde hem kynçylyklaryň dörejekdigi mese-mälim.

Bu kynçylyklar bolsa Gümrük bileleşigi hökmünde BSG-ä girmek meselesini Orsýetiň daýhanlara subsidiýa tölemek meselesinde bolşy ýaly, BSG-ä agza bolmakda-da Orsýetiň öňünde böwet döreder.

Soňky iki ýylyň dowamynda Kreml BSG-niň talaplaryny berjaý etmek üçin örän köp tagalla etdi. Mysal üçin, halkyň göwnünden turmaýan energiýa tarifleriniň liberallaşdyrylmagy geçirildi. Ýurduň senagatynyň esasy öndürijilerine hökümetden berilýän ýardamy bes etmek meselesini planlaşdyrdy. Öňki dawalary çözmek üçin gymmat bahaly ylalaşyklara gol çekdi. Bu meselede Ýewropa Bileleşiginiň hem beýleki aýry-aýry ýurtlaryň goldawuny almaga synanyşdy.

Global ykdysady krizis Moskwanyň BSG-ä agza bolmak zerurlygyny has hem ýitileşdirdi. Rus häkimiýetleri global krizis zerarly dörän ykdysady çökgünligi ykdysadyýeti ösdürmek üçin hökümet tarapyndan uly möçberde berilýän serişdeler bilen çözüp bolmajakdygyna düşündiler.

Muňa mysal hökmünde “AwtoWaza” berlen 2 milliard dollara barabar serişdäni ýatlasa bolar. Iri kampaniýalaryň batmagy, işsizligiň artmagy bolsa halk arasynda nägileligi artdyryp, rus režimine howp salyp biler. Beýleki tarapdan, Günbatara hem rus bazarynyň açylmagy bähbitli. Olar bu ýurda maýa ýatyryp, öz çökgünlige uçran ykdysadyýetini galdyryp bilerdi.

Waşingtonyň eglişik etmek gezegi geldi

ABŞ Orsýetiň BSG-ä girmek ugrundaky tagallalaryny bir tarapdan goldasa-da, beýleki tarapdan, bu gurama girmek boýunça talaplaryň doly berjaý edilmegi meselesinde gaty berk pozisiýany eýeleýar. ABŞ bilen gatnaşyklary has ýakynlaşdyrmak ugrunda hem Orsýet soňky birnäçe aýyň dowamynda yzygiderli iş alyp bardy.

Amerika bilen arada dörän dawaly meseleler boýunça Orsýet birnäçe gezek eglişik etdi. Owganystana harby ýükleri daşamak üçin Waşingtona öz howa territoriýasyndan peýdalanmaga rugsat berdi. Eýrana garşy öňe sürülýän täze sanksiýalary hem özüniň goldap biljekdigini Kreml Ak Tama gytaklaýyn ýetirdi. Garaz, soňky döwürde Orsýet ýygy-ýygydan Amerika bilen özara gatnaşyklarynyň berk hyzmatadaşlyga öwrülip biljekdigini görkezýän hereketleri edýär.

Orsýet öz eglişikleriniň deregine BSG-ä girmek üçin teklip edýän iki planyndan biriniň kabul edilmegine garaşýandygyny açyk duýdurýar. Eger Obama bu ugurda Orsýeti goldamasa, onda geljekki iki ýylyň dowamynda Orsýet bu gurama agza bolmakdan mahrum ediler.

Elbetde, Kreml bu ugurdaky hereketlerini soň hem dowam etdirer. Emma ABŞ-nyň Orsýet bilen ýakyn hyzmatdaşlygy üçin häzirki dörän mümkinçilige gaty uly zyýan ýetmek howpy has ýokarlanar. Eýse, bu ýagadaýda Barak Obama özüni nähili alyp bararka?

Stas Iwaşkewiç Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Belarus gullugynyň žurnalisti. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG