Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Köppartiýalyk Türkmenistana näme getirer?


Ýakynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtda köppartiýaly syýasy jemgyýetiň döräp başlamagyna wagt gelenligini yglan etdi.


Syýasy köppartialylyk barada eden çykyşynda G.Berdimuhamedow köppartiýaly jemgyýetçilik syýasy ulgamyny döretmek üçin wagtyň ýetenligini bellemek bilen Türkmenistanda “amala aşyrylýan syýasy-jemgyýetçilik özgerişleri emeli usulda tizleşdirmän, ýuwaş-ýuwaşdan ähli şertleri nazara almak bilen” amala aşyrmagyň tarapdarydygyny aýtdy.

Türkmenistanyň prezidenti dörediljek partiýalaryň öňünde goýuljak wezipeleri kesgitledi. Onuň sözlerine görä, Daýhanlar partiýasynyň döredilmegi bilen ýurduň agrar syýasatyny oba ilatyna düşündirmek we ol ýerde amala aşyrylýan özgertmeleri ideologiýa taýdan üpjün etmek maksady göz öňünde tutulýar.

“Tarapdar köppartiýalyk”


Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Merkezi Aziýa boýunça analitigi Brýus Panniýer Türkmenistanyň prezidentiniň “köppartiýalyk” diýip öňe sürýän ädimlerine türkmen häkimiýetiniň özüne tarapdar goşmaça syýasy toparlary döretmek synanyşygy hökmünde garaýar.

Türkmen oppozisiýasynyň liderlerinden biri Nurmuhammet Hanamow Türkmenistanda täze partiýany döretmek barada edilýän beýannamalaryň ýurtda köppartiýalylygyň döremegine ýol açyljagyna umyt döredýänligini belledi. Emma ol G.Berdimuhamedow prezident bolaly bäri kabul edilýän kanunlaryň we yglan edilýän reformalaryň gidişiniň hökümet derejesinde berilýän wadalara ynamsyz garalmagyna sebäp bolýanlygyny hem ýatlatdy.

“Daýhanlar partiýasy entek döredilip-döredilmänkä, eýýäm onuň nähili bolmalydygy, näme etmelidigi aýdylýar. Erkin partiýa boljak däl-de, umumy durmuşy tankyt edip biler ýaly, daýhanlara hakykatdan kömek edip biler ýaly we kemçilikleri ýüze çykaryp biler ýaly. Ýene ýokarda näme diýilse, şony etjek partiýa bolar” diýip, N.Hanamow aýtdy.

Raýatlaryň roly


Synçylar tarapyndan “ýurduň syýasy-jemgyýetçilik taýdan ösüşiniň gidişi we ugry jemgyýetiň özüne bagly, raýatlaryň syýasy garaýyşlaryna we ilatyň öz graždan pozisiýasyny mälim etmek, hak-hukuklaryny talap etmek ukybyna bagly” diýen pikirler öňe sürülýär.

Emma bilermenler Türkmenistanda islendik özgerişlikleriň, ýurduň öz aýratyn ösüş ýoly bilen barýanlygyny yglan edip gelýän türkmen häkimiýetleriniň islegine doly garaşly bolup galýanlygyny hem aradan aýyrmaýarlar.

Brýus Panniýer, öz pikirini ýa islegini mälim etmäge synanyşanlary ýörite gulluklar arkaly yzarlap, jezalandyryp gelýän režimli Türkmenistanda raýatlaryň Konstitusiýada kepillendirilen öz kanuny hak-hukuklaryndan peýdalanmagy üçin şu çaka çenli mümkinçiligiň bolmanlygyny belledi.

Nähilem bolsa täzelik

Analitik Brýus Panniýer Türkmenistanda dörediljek syýasy köppartiýalylygyň Özbegistanyň modeline meňzeş boljagyny çak edýär. Dört syýasy partiýaly Özbegistanyň syýasy sistemasynda, daşyndan göräýmäge, partiýalaryň köplügi iş ýüzünde ýurduň içinde syýasy deňagramlylygy emele getirmeýär. Sebäbi ählisi prezidentiň islendik kararlaryny gyşarnyksyz tassyklaýan syýasy toparlardan ybarat.

Bilermen täze partiýalaryň döredilmegi bilen Türkmenistanda ozalky ýeke-täk partiýanyň hökmürowanlygynyň çäklendirilip, geljekde syýasy deňagramlylyga tarap ýoldan kiçeňräk ädim ätmäge mümkinçilik döräp biljekdigini hem belleýär.

Brýus Panniýeriň pikirine görä, täze partiýalaryň döredilmegi ýurtda uly demokratik reformalaryň amala aşyryljagyny aňlatmaýan hem bolsa, Türkmenistan üçin öz syýasy geçmişinden daşlaşmak we hökümete täzelik getirmek ýoly bolup biler.

N.Hanamow hem dünýä ýurtlarynyň syýasy-jemgyýetçilik ösüşiniň bir partiýalykdan daşlaşmak tejribesinden başlananlygyny belleýär we döwletiň garamagynda bolanda-da, ýeke-täk partiýaly Türkmenistan üçin başga partiýalaryň döredilmeginiň täzelikdigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG