Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tussag amerikalylaryň ejeleri Tährana geldi


Eýranyň döwlet telewideniýesi Eýranda tussag edilen üç amerikalynyň ejeleriniň Tährana gelendigini aýdýar. Eýran olara şu aýyň başynda wiza berdi.

Tussagdaky üç amerikaly geçen ýylyň iýulynda, demirgazyk Yrakdan Eýran topraklaryna geçende saklanypdy.

Eýran häkimiýetleri olary serhetden bikanun geçmekde we aňtaw gulluklary bilen ilteşiklilikde aýyplady. Emma bu üç adam formal taýdan hiç bir jenaýatda günälenmedi we olaryň sudy barada hiç bir habar çap edilmedi.

Tussag edilen amerikalylaryň maşgalalary we amerikan hökümeti üçlere bildirilýän içalyçylyk aýyplamasyny ret etdi we olaryň boşadylmagyna çagyrdy.
XS
SM
MD
LG