Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bakyýew: “Bolýan zatlar men baradadyr öýdemok”


Gyrgyzystanyň öňki prezidenti Kurmanbek Bakyýew
Gyrgyzystanyň öňki prezidenti Kurmanbek Bakyýew

Gyrgyzystanyň häzir Minskide bolýan öňki prezidenti Kurmanbek Bakyýew bilen ýurtdaky ýagdaý, Gyrgyzystana dolanmak niýetiniň barlygy ýa ýoklugy barada geçirilen söhbetdeşlik. Söhbetdeşligi alyp baran Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugynyň žurnalisti Aýnura Asanhojaýewa.


Azatlyk Radiosy: Gahar-gazaba münen adamlar siziň dogan-garyndaşlaryňyzyň öýlerine ot berdi. Ýurtda bolup geçýän wakalardan habarynyň barmy ýa-da ýok?

Bakyýew:
Gyrgyzystandan habarlar gelip gowuşýar. Öz şäherimde bolýan wakalara hem gaty gynanýaryn. Beýle zatlara hiç kim garaşmandy. Olar 90 ýaşly adamyň öýüne ot beripdirler. Ol Beýik Watançylyk urşunyň weterany. Onuň näme günäsi bar?

Meniň 2006-njy ýylda aradan çykan doganym Jusup Bakyýewiň jaý salnanyna ýaňy 9 ýyl boldy. Ol beýleki söwdagärleriňki ýaly uly jaý hem däldi. Onuň öýüne näme üçin ot berýärler? Onuň eden näme etmişi bar?

Bidüzgünçilik dowam edýär. Haklaşýan wagtlaýyn hökümetiň agzalarymy, ýerli döwlet işgärlerimi, bilemok. Ýöne ýurduň, halkyň aladasyny edýän ýok.

Azatlyk Radiosy: Ogullaryňyz Maksim bilen Marat şu wagt nirede?


Bakyýew: Meniň maşgalam häzir kyn ýagdaýda.

Azatlyk Radiosy: Maksim bilen Janyşyň arasynda bolan we ýazga geçirilen bir gepleşikde sizi gaýtadan häkmiýet başyna getirmek barada gürrüň edilýär. Beýle plan bar bolsa, siz ony togtatmaga synanyşýarmysyňyz?

Bakyýew: Elbetde, men ýaňy aýtdym. Gyrgyzystana dolanmaga şert we mümkinçilik ýok. Beýle plan-da ýok. Bir topar bigünä adamyň başyna ýeten ýaragly döwlet agdarylyşygy boldy. Wagtyň geçmegi bilen bu belli bolar. Men munuň belli boljagyna ynanýaryn. Oglanlar käbir zatlar barada gürrüň edýärler. Olaryň şeýle pikirleriniň bar bolmagy mümkin. Ýöne öň hem aýdyşym ýaly, mende beýle pikirler ýok.

Azatlyk Radiosy: Jelalabatdaky tarapdarlaryňyza aýtjak zadyňyz barmy? Ol ýerde gan döküşikli demonstrasiýalaryň öňüni alara kömek etmek üçin bir zat aýtmak isleýärmisiňiz?

Bakyýew: Men näme diýeýin? Ähli gyrgyz halkyna ýüzlenýärin. Ilki bilen näme etseňiz, oýlanyşykly ediň. Halky çydamlylyga çagyrýaryn. Wagtlaýyn hökümetiň agzalaryny, ýerli resmileri sabyrly bolmaklyga çagyrýaryn. Geliň, akyl-paýhasly hereket edip, howsala düşmäliň. Howsala düşülse, ýagdaý ýene ýaramazlaşyp, çaknyşyk turmagy mümkin.

Azatlyk Radiosy: Siz ‘Gyrgyzystana dolanjak däl’ diýýän sözüňizde berk duran bolsaňyz, öz tarapdarlaryňyzy köşeşdirip, olara ‘meniň bähbitlerimi täze häkimiýetlerden goramagyň indi geregi ýok’ diýseňiz, bolmaýarmy?


Bakyýew: Häzir Gyrgyzystanda her bir adam öz bähbidini goraýar. Bu işler men baradadyr diýip, pikir edemok. Meniň erkimde maglumat edinere internetden başga çeşme ýok. Halk meni ýa meniň bähbitlerimi gorap, köçä dökülenok. Halk ýerli ýolbaşçylardan we wagtlaýyn hökümetden närazy bolansoň, köçä çykýar.
XS
SM
MD
LG