Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kim nämäni maksat edinýär?


Özbegistanyň prezidentiniň gyzy Gülnara Kerimowa Moskwadaky 29-njy film festiwalynyň açylyş dabarasynda
Özbegistanyň prezidentiniň gyzy Gülnara Kerimowa Moskwadaky 29-njy film festiwalynyň açylyş dabarasynda

Özbegistanyň premýer-ministri Şawkat Mirziýaýew, dogrudanam, bir gün ýurduň prezidenti bolmagy mümkin adamlaryň hataryna giren bolsa, onda ol öz şansynyň soňky wagtlarda artandygyny duýýandyr. Oňa golaýda goşmaça ähmiýetli wezipeler berildi. Ol ýaňy Moskwada hem Özbegistanyň möhüm wekili hökmünde çykyş etdi.


Şawkat Mirziýaýew
2003-njy ýyldan bäri Özbegistanda premýer ministerlik wezipesini ýerine ýetirip gelýän Mirzziýaýew ozal 5 ýyllap Jizak welaýatynda häkimlik eden adam.

Prezident Kerimow ýaňy ýanwar aýynyň aýagynda 72 ýaşyna girdi. Bu hem onuň wezipe başyndaky günleriniň 20 ýyldan soň aýaklap gelýänligini görkezýär. Onsoň oruntutar meselesi ýüze çykýar. Bu gürrüňlerde hem Mirziýaýewiň ady ýygy-ýygydan agzalýar. Ýöne ilkinji orunda gelýän prezidentiň uly gyzy Gülnara Kerimowa.

“Zeromaks” (”Zeromax”) – düýbi Şweýsariýada ýerleşeýän kompaniýa. Ol 2001-nji ýylda gurlaly bäri Özbegistanda uly üstünlikler gazandy. Ýöne ol işi gümürtik kompaniýa. Ol agzalanda hem köplenç Gülnara Kerimowa bilen ilteşikli agzalýar.

Gülnara bilen “Zeromaksyň” arasynda bir ilteşigiň bardygy açyk suratda ýüze çykanok. Onuň özi bu kompaniýada haýsydyr bir gönümel rolunynyň bardygyny inkär edýär. Ýöne 2009-njy ýylyň aýagynda Şweýsariýanyň “Bilan” žurnaly Gülnarany “570 million bilen 655 million dollar aralygynda Şweýsariýada baýlygy bar” diýip, onuň bu ýurtdaky iň baý 300 adamyň sanawyna girizdi.

Bu pullaryň nireden gelendigi belli däl. Ýöne bu habar ýaýraly aradan köp wagt geçmänkä, Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky bir edarasynda Özbegistana wekilçilik edýän Gülnara Özbegistanyň ilçisi edilip, Şweýsariýadan Ispaniýa iberildi.

Kompaniýanyň işi togtadyldy

Maý aýynyň başynda Daşkent şäheriniň ykdysady sudy “Zeromaks” kompaniýasyna Özbegistanda iş alyp barmagy togtatmagy buýurdy.

“7-njy maýda “Zeromaksyň” ähli bank hasaby doňduryldy. Şu wagt hem şeýle. Biz hasaplar açylar diýip, umyt edýäris. Açylmasa, ähli işimizi ýapmaly boljak” diýip, kompaniýanyň bir işgäri adynyň tutulmazlyk şerti bilen “Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosyna” aýtdy.

“Zeromaksyň” başga bir filialynyň işgäri bolsa prezidentiň gyzynyň haýyşy boýunça alnyp barylýan işleriň hem togtadylandygyny aýtdy: “Şu wagt gurluşyk işleri alnyp barylýan ýerleriň ählisi ýapyk. Daşkendiň Alaý bazarynyň golaýynda gurluşyk işleri alnyp barylýardy. Bularyň hemmesi ýapyldy. Bularyň içinde ýörite Gülnara Kerimowa üçin gurulýan bir bina bardy. Ol ýerde hem iş togtadyldy”.

“Zeromaksyň” işgäriniň aýtmagyna görä, kompaniýanyň başlygy Miradel Jelalow hem Ispaniýa gidipdir.

“Jelalow Ispaniýa gitdi diýip eşitdim. Onuň ol ýere näme üçin gidenini bilemzok. Ol Ispaniýda prezidentiň gyzy bilen duşuşmaga gidipdir diýýärler” diýip, ”Zeromaksyň” işgäri aýdýar.
XS
SM
MD
LG