Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hususy eýeçilik näme üçin zerur?


Monopoliýanyň beýleki görnüşleri ýaly, döwlet monopoliýasy hem ykdysady ösüşiň öňündäki howply böwetdir.


17-nji maýda Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynda “Ahal” ösümlik ýagy kärhanasynyň açylyşy boldy. Türkiýäniň “Polimeks” kompaniýasy tarapyndan gurlan “Ahal” ösümlik ýagy kärhanasynyň gurluşygynyň umumy bahasy 68 million dollara barabar boldy.

Türkmenistanyň Azyk senagaty assosiasiýasynyň tabşyrmagy boýunça bina edilen bu kärhana Ýewropanyň we Ýaponiýanyň öňdebaryjy enjamlary bilen abzallaşdyryldy.

Bu meselede üns bermeli zat – ýurtda bazar ykdysadyýetine geçilýändigi tekrarlansa-da, Türkmenistanda öňümçilige degişli döwlet kärhanalarynyň gurluşygy dowam edýar. Ýogsa, bazar ykdysadyýetine geçmegiň esasy şertleriniň biri – döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagydyr.

Hususylaşdyrmak prosesi nämä gerek?

Bu sowala Moskwa Döwlet Uniwersitetiniň Aziýa we Afrika döwletleri institutynyň “Merkezi Aziýany we Kawkazy öwrenmek boýunça laboratoriýasynyň” müdiri, professor Leonid Fridman jogap berip, ykdysady ösüşi gazanmak isleýän her ýurt üçin hususulaşdyrmak prosesiniň hökman gerekdigini nygtady.

Bilermen monopoliýanyň her bir görnüşiniň, şol sanda döwlet monopoliýasynyň hem ykdysady ösüşe ähirt uly böwet bolýandygyny düşündirdi. Onuň sözlerine görä, şol sebäpdenem uzak möhletleýin ykdysady ösüşi gazanmak üçin ykdysadyýetiň dürlüleşdirilmegi zerur, dünýa tejribesi muny subut edýär.

Professor Fridman onümçiligi ösdürip, onuň netijeliligini artdyrmak, ilatyň ýaşaýyş derejesini galdyrmak üçin sagdyn bäsleşigiň gerekdigini nygtaýar. Onuň tassyklamagyna görä, hut konkurensiýa ykdysadyýetiň netijeli bolmagyna itergi berýär.

“Şeýle bäsleşik bolan halatynda has netijeli işlemek, çykdajylary azaltmak, serişdeleri ýerlikli sarp etmek zerurlygy döreýar. Bäsleşigiň döremegi üçin bolsa, eýeçiligiň dürli görnüşlerine degişli kärhanalaryň, dürli kompaniýalaryň emele gelmegi üçin amatly şertleriň döredilmegi zerur” , diýip, Leonid Fridman belledi.

Döwlet eýeçiligi “korrupsiýa ýol açýar”

Türkmenistanly synçy Gurbangeldi Töräýewiň pikiriçe, Türkmenistan ýaly döwlet eýeçiligini doly saklap gelýän ýurtlarda korrupsiýa hem has çuň ornaýar. “Döwlet eýeçiligi abstrakt düşünje bolýar, onda belli bir eýe bolmaýar, kimiň eli uzyn bolsa, şolam döwlet eýeçiliginiň hasabyna baýaýar. Türkmenistan häzirki güne çenli döwlet eýeçiligini doly görnüşde saklap gelýän ýurt. Käbir hyzmatlar ýa-da kiçi söwda bolaýmasa, galan hemme zat hökümetiň ygtyýarynda. Bu hem bizde korrupsiýanyň ösmegine getirýär” diýip, özüniň Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosyna ýollan maglumatynda belleýär.

Ýurda gelýän walýutanyň käbir halatlarda ýerlikli ulanylmaýandygy barada Türkmenistanyň prezidenti hem öz çykyşlarynda belläpdi. Bu ýagdaý bolsa korrumpirlenen çinownikleriň sanynyň artmagyna getirýär.

Öz wagtynda hut bäsleşigiň ýoklugy, artdyryp ýazylmalara ýol berlendigi, köp halatda döwlet emläginiň ýerliksiz sarp edilenligi, ýurduň hemme pudaklarynda döwlet monopoliýasynyň höküm sürmegi Sowet Soýuzynyň dargamagyna getirdi. Şonuň üçinem döwlet emläginiň belli bir böleginiň hususylaşdyrylmagynyň zerurdygyny ykdysatçylar nygtaýarlar.

Hususylaşdyrmak prosesine näme itergi berip biler?

Bu prosesi tizleşdirýän birnäçe faktoryň ýüze çykmagy mümkin. Bilermen Leonid Fridmanyň tassyklamagyna görä, “Orsýetde Sowet Soýuzy dargandan soň, 1991-nji ýylyň awgust aýynda hökümeti agdarylşygyny amala aşyrmaga edilen synanyşykdan soň, ýurtda dörän ýagdaý hususylaşdyrmak prosesiniň gysga wagtda geçirilmegine itergi berdi. Şol döwürde döwlet emlägini hususlaşdyrmak bilen häkimiýet başyndakylar yza, öňki sistema ýoluň ýokdugyny gözkezjek boldular”.

Ýewropanyň käbir ýurtlarynda býujet defisiti döwlete degişli köp emlägiň hususylaşdyrylmagyna getirdi. Türkmenistanda bolsa häzirki häkimiýet başyndakylar öňki režimi ýazgarman, gaýta onuň ýalňyşlaryny dowam etdirip gelýärler. Býujet defisiti-de tebigy baýlyklardan gelýän girdejiniň hasabyna ýapylýar.

Gaýtam şol tebigy baýlyklara daýanyp, türkmen häkimiýetleri halkara maliýe guramalaryndan uly möçberde karz-kredit almak mümkinçiligine eýe boldular. Ýagny, Türkmenistanda döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagyna itergi berip biljek güýçli faktorlar ýok ýaly bolup görünýar.

“Bu ýagadaýda näme etmeli?” diýen sowalymyza professor Fridman: “Şeýle ýagdaýda Türkmenistan ýaly ýurtda hususylaşdyrmak prosesi uzak möhletleýin ykdysady ösüşi gazanmak üçin düzülen strategiýanyň bir bölegi bolmaly” diýip, jogap berdi.

Metbugatyň gözegçiligi

Leonid Fridman hususylaşdyrmak prosesiniň demokratiýa taýdan ösen, garaşsyz sud sistemasy bolan, erkin metbugat ýola goýlan ýurtlarda netijeli bolýandygyny aýdýar.

“Muňa Margaret Tetçeriň döwründe Britaniýada geçirilen hususylaşdyrmak prosesini mysal getirse bolar. Ýagny, şeýle proses geçirilýän ýurtda graždan jemgyýeti nä derejede ösen bolsa, metbugat, hökümete degişli däl guramalar çinownikleriň hereketine näçe berk gözegçilik edip bilse, şonça-da bu prosesi döwlete bähbitli geçirip bolar” diýip, Fridman tassyklaýar.

Bilermen Türkmenistanyň ýagdaýynda bolsa ilki bilen erkin metbugata ýol açyp, sud sistemasynda reformalary geçirip, şol bir wagtda-da hususy pudagy ösdürip, şeýle işler üçin spesialistleri taýýarlap, hususylaşdyrmak prosesine howlukman girişilse has gowy bolar diýip hasaplaýar.
XS
SM
MD
LG