Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Düýn Hytaýda iki sany uly ýol heläkçiligi boldy


Düýn Hytaýda iki sany uly ýol heläkçiligi bolup, ol onlarça adamyň ölümine getirdi.

Szýansi prowinsiýasynyň territoriýasynda güýçli ýagyş sebäp gum inmegi bilen otly hem 9 wagon ýoldan çykdy hem agdaryldy. Bu wakada 19 adam heläk boldy.

Ýurduň demirgazyk –gündogarynda ýük maşyny bilen ýolagçy awtobus çyknyşyp, 32 adam onuň pidasy boldy.

Bu wakalarda onlarça adamyň ýaradar bolandygy, olaryň käbiriniň agyr ýagdaýdadygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG