Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şu gün Ýelizaweta II Britan parlamentinde çykyş eder


Şu gün Beýik Britaniýanyň korolewasy Ýelizaweta II parlamentde çykyş eder. Bu däp täze saýlanan parlamentiň birinji mejlisiniň açylýandygyny aňladýar.

Ýelizaweta II täze düzülen hökümetiň iş programmasyny hödürlär. Esasy üns beriljek ugur ykdysady problemalary çözmek bolar.

Köp ýyllardan bäri Angliýada ilkinji gezek koalisiýa hökümet düzüldi.

Saýlawlarda ýeňiş gazanan konserwatorlaryň lideri Deýwid Kameron premýer-ministr, liberal-demokratik patiýanyň lideri Nik Klegg onuň orunbasary boldy.

Ýurdy 12 ýyl gowrak dolandyran leýboristler oppozisiýa geçdi.
XS
SM
MD
LG