Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Reňklere bagş edilen ömür


Hudožnik Tokar Tugurow öz eserleri bilen
Hudožnik Tokar Tugurow öz eserleri bilen

«Eger-de bir döwür gelip, işlerimiň sergisini gurnamaly bolsam, onda olaryň ýany bilen nähili sazlaryň ýaňlanmalydygyny hem görkezerin» diýip, Tokar özüniň saza hormatynyň örän uludygyny bildirerdi.


Onuň sazyň gözelligini duýmak ukyby üýtgeşik ýitidi. Ol işleýän wagty köplenç saz diňlärdi. Sazlar dürli-dürlüdi. Dynç alýan wagtlary, ýagny çotgasyna dynç berende, türkmeniň dutar mukamlaryny diňlärdi. Mylly agaň, Çary Täçmämmediň, Ýagmyr Nurgeldiniň sazlaryny diňläp: «Neneň şu sazlary gadagan edip bildikä? Bu bir türkmeniň dünýäsi ahyryn» diýip, milli sazlary Türkmen telewideniýesinden we radiosyndan bermegiň gadagan edilen döwri Tokar ahmyr bilen başyny ýaýkardy.

Tokaryň esasy döredijilik ugry abstraksiýa bolsa-da, ol realizm ýolundan hem birnäçe eserleri döredipdi. Uzak Gündogarda bolan wagty, aňzakly Çukotkadaky ýerli balykçylaryň durmuşyna bagyşlap döreden işleri gözüňe diýseň yssy görünýär...

Onuň zehininden dörän Gaýgysyz Atabaýewiň portreti häzir meniň iş otagymyň diwarynda asylgy dur. Bu iş realizmiň ähli kadalaryna gabat gelýän-de bolsa, ondaky reňkleriň ulanylyşy Tokaryň esasy iş usulyny – abstraksiýany ýada salýar.

Dil açýan reňkler

Abstraksiýanyň beýan ediş usuly reňkleriň ulanylyşynda ýüze çykýar, onsoň Tokar Tugurowyň işlerinde-de reňkler diýseň ýerliki ulanylýar. Reňkleri ulanmakda Tokaryň ýokary ussatlyga ýetenligi görünýär. Ol her reňkiň diňe bir manysyny däl, eýse nähili owaz berýänliginem gaty ýiti duýardy. Öz eserlerinde garamtyl gök reňki – adamynyň adamdan uzaklaşmagynyň alamaty hökmünde görkezip, Tokar adamlaryň ünsüni bu betbagtçylykda jemlemäge çalyşýar. Eger-de ak reňki alyp görsek, impressionistler tebigatda ak reňk ýok diýip, ony reňk hasap etmändirler. Içki duýguda owazy döredip bilmeýänligi, bir ýagdaýdan başgasyna geçmäge taýýarlanýan wagtdaky ümsümligi aňladýanlygy üçin Tokar ony soragly manyda ulanypdyr. Ol gyzyl we gara reňkleri ak reňkiň üstünden getirmek bilen göreşiň we ölümiň boljagyny-bolmajagyny sorag hökmünde orta atýar.

Ýaşyl reňkiň düzüminde sary we gök reňkiň bolmagy ony hereketden saklaýar. Ýaşyl reňkde hereket ýok, ol hiç ýere çagyrmaýar, ýöne onda geljege azajyk umyt görünýär. Tokaryň işleriniň birnäçesiniň diňe ýaşyl reňk bilen ýerine ýetirilenligini görse bolýar.

Zehin üçburçlygy

Gurbannazar Ezizow we Nury Halmämmedow
Eger-de türkmen edebiýatyna ak goşgy formasyny getiren şahyr hökmünde Gurbannazar Ezizowyň ady taryha giren bolsa, onda türkmen şekillendiriş suhgatynda abstraksiýa ýoluny, reňkleriň owaz bilen beýan edilmegini girizen – hudožnik Tokar Tugur bolup galsa gerek.

Biziň häzirki zaman sungatymyzda ençeme beýik şahsyýetler ýaşap geçdi. Olaryň arasynda Gurbannazar Ezizow, Nury Halmämmedow we Tokar Tugurow özboluşly zehin üçburçlygyny emele getirýärler.

Men elmydama Tokar Tugury ispan we fransuz hudožnigi Pablo Pikasso meňzedýärin. Olaryň döredijilik stillerem, hatda daş keşplerem meňzeş.

Wagt geçer, türkmen abstraksionistiniň bize goýup giden eserleri geljekde diňe bir onuň özüne däl-de, eýse biziň tutuş milli sungatymyza uly abraý getirer. Türkmeniň geljekki nesilleri şeýle beýik şahsyýetiň türkmen topragynda doglanyna buýsanarlar.

Berdimyrat Batyrow aşgabatly intelligensiýa wekiliniň edebi lakamy.


Soňy
XS
SM
MD
LG