Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şu gün Sudanda prezidentiň inaugrasiýasy bolar


Şu gün Sudanda ýakynda bolan saýlawlarda ýene-de prezidentlige saýlanan Omar al-Başiriň inaugrasiýasy bolar.

Al-Başir garşysyna Halkara jenaýat sudy tarapyndan günä bildirilen, iş başyndaky ýeke-täk prezidentdir.

Sudanyň prezidentine Darfur prowinsiýasyndaky konflikt wagty edilen harby jenaýatlarda günä bildirilýär.

Ýakynda Halkara sudy Darfurda ilatyň garşysyna genosidi gurnamakda aýyplanýan beýleki iki adamyň berilmegini gazanmak üçin Sudana gysyş etmek haýyşy bilen BMG-nyň Howpsuzlyk Geňeşine ýüz tutdy.

Sud bilen hyzmatdaşlyk etmejekdigini Al-Başir köp aýtdy.
XS
SM
MD
LG