“British Petroleum” Meksikan aýlagynyň düýbündäki çogýan nebit guýysyny petiklemek synanyşygynyň plan boýunça barýandygyny, emma heniz bu işiň tamamlanmandygyny aýdýar.
Bu işiň üstünlikli bolandygy ýa bolmandygy ýekşenbe gününden bärde belli bolmaz öýdülýär.
Düýbi Londanda ýerleşýän energiýa läheňiniň resmileri guýydan çogýan nebitiň öňüni petiklemek üçin zyýan ýeten guýa agyr buraw palçygynyň we demir bölekleri, rezin toplar ýaly zatlaryň dökülýändigini aýdýar.
Meksikan aýlagyndaky nebit burawy 20-nji aprelde partlady we şondan bäri ol ýerden nebit çogýar.

Milli geyimleri geydireniňde name, eger zenanyň kalbynyň özi päk bolmasa. Bozuk hereketleri milli egin-eşiklerde edip bolmazmy eýsem? Zorluk ulanmak arkaly häkimiýet milli egin-eşiklere söýgi dalde beter yigrenç oýarýandyklaryndan habarlary yok