Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Haly baýramyny belleýär


Türkmenistan, adat bolşy ýaly, maý aýynyň soňky ýekşenbesinde Haly baýramçylygyny belleýär.

TDH 28-nji maýda, Haly baýramçylygynyň öňüsyrasynda geçen hökümet maslahatynyň soňunda wise-premýerleriň we mejlisiň başlygynyň türkmen prezidentini haly baýramy bilen gutalap, oňa inçe dokalan halyny sowgat berendiklerini ýazýar.

Prezident Berdimuhamedow bu sowgady kabul edip, indiden eýläk hem milli haly pudagyna aýratyn üns beriljegini, ussat halyçlylar barada alada ediljegini we olaryň döredijilikli zähmeti üçin ähli şertiň dörediljegini aýdypdyr.
XS
SM
MD
LG