Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Hindistana sapar Orsýete basyş etmäge ýol açar"


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda Hindistana sapar etdi. Ol bu saparynyň dowamynda hindi ýolbaşçylary bilen dürli meseleler, şol sanda türkmen gazyny Hindistana akdyrmak barada hem pikir alyşdy.


Bu, elbetde, täze proýekt däl, emma onuň haçan amala aşyryljagy welin gümana, sebäbi käbir synçylar bu proýektiň başa barmagynyň ençeme beýleki meselelere, şol sanda Owganystanyň howpsuzlyk ýagdaýlaryna we Pakistan bilen Hindistanyň gatnaşygynyň gowulaşmagyna bagly boljakdygyny aýdýarlar.

Şeýle pikiri öňe sürýänlerden biri hem Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Merkezi Aziýa boýunça synçysy Brýus Panniýerdir. Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugyndan Muhammad Tahir bu barada jenap Panniýer bilen ýörite söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hindistana eden saparynyň maksadynyň näme bolmagy mümkin?

Brýus Panniýer
Brýus Panniýer:
Prezident Berdimuhamedowyň Hindistana sapar etmeginiň iki sebäbiniň bolmagy mümkin, olardan birinjisi, hindistanly maýadarlary ýurda çekmek.

Ykdysady krizis, dünýäniň köp ýurtlaryna ýaramaz täsirini ýetirdi, emma Hindistan bilen Hytaý bu krizisden ýeňiji bolup çykdylar, olaryň uly proýektlere maýa goýmak üçin puly köp.

Diýmek, Berdimuhamedowyň Hindistana barmagynyň bir sebäbi: hindi biznesmenlerini Türkmenistana çagyrmak we maýa goýmak üçin öz ýurdunda uly mümkinçilikleriň bardygyny olara ýatlatmakdan ybarat bolmaly.

Bu saparyň ikinji maksadynyň “Transowgan” gazgeçirijisi bilen bagly bolmagy mümkin. Bu proýekt barada ençeme ýyldan bäri diskussiýa edilip gelinýär, emma entek takyk netijä gelnenok. Elbetde, hindiler bu proýektiň amala aşyrylmagyny we türkmen gazynyň Hindistana akyp başlamagyny isleýärler, bu barada hiç hili şubhe ýok. Emma “bu gazy akdyrjak turbany gurmak mümkinmi?” diýlen mesele esasy sorag bolup durýar.

Bu gazgeçirijini gurmaklyk ençeme beýleki meselelere degişli, ýagny Owganystanyň howpsuzlyk ýagdaýlary, Pakistan bilen Hindistanyň gatnaşygy, agzalýan gazgeçirijini gurmaklygyň näçe wagt talap etjekdigi we oňa kimiň maýa goýjakdygy ýaly keserip duran sorag gaty köp.

Azatlyk Radiosy: “Transowgan” gaz proýekti barada diskussiýalaryň başlamagy Türkmenistanda guruljak “Gündogar-Günbatar” gazgeçirijisi bilen bagly Berdimuhamedowyň eden çykyşynyň ýz ýanyna gabat geldi. Şonda ol bu turbany Türkmenistanyň özüniň gurjakdygyny aýtdy. Eger ýadyňyzda bolsa, bu barada Orsýet bilen gepleşikler geçirilipdi, şunlukda Hindistan bilen geçirilen bu gepleşikleriň şeýle wagta gabat gelmegi nämäniň alamaty bolup biler?

Brýus Panniýer: Elbetde, bolup geçýän bu wakalaryň wagty gaty möhüm. Emma bu diňe Türkmenistana mahsus bir mesele däl, gaza baý bolup, ony eksport etmäge mümkinçiligi bolmadyk beýleki ýurtlarda hem şeýle ýagdaýlara duş gelmek bolýar. Häzirki ýagdaýda biz Türkmenistan bilen Orsýetiň gatnaşygyny göz öňünde tutup gürrüň edýäris. Berdimuhamedow Hindistana saparyndan soň, Orsýete satýan ýa mundan beýläk satmagy mümkin gazynyň bahasy barada Moskowa öz aýdýanyny kabul etdirmäge synanyşar.

Berdimuhamedow Orsýetiň ýolbaşçylary bilen gazyň bahasy barada mundan beýläk geçirjek duşuşyklarynda, “eger siz gaz boýunça talap edýän nyrhymyzy tölemeseňiz, biziň gazymyz bilen gyzyklanýan başga ýurtlaram bar” diýip, Moskowa basyş etmäge çalyşsa gerek.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda guruljak “Gündogar-Günbatar” gazgeçirijisi gaty gyzykly mesele, bu barada mundan öňem kän gürrüň edildi, emma soňunda Berdimuhamedow bu proýektiň türkmenler tarapyndan guruljakdygyny aýtdy, bu meselede nämeler bolup geçýär?

Brýus Panniýer: Türkmenistan häzirki döwürde Orsýete öňki ýyllarda satan gazynyň diňe 25 prosentini akdyrýar. Munuň sebäbi türkmen gazyny Orsýete akdyrýan turbada bolan partlamadyr.

“Gündogar-Günbatar” gaz turbasy barada aýdylanda, bu geçirijini gurmak boýunça kontrakta geçen ýyl Türkmenistan bilen Orsýetiň arasynda tasdan gol goýlupdy. Emma onuň ýz ýany bilen Orsýet bilen Türkmenistanyň gatnaşygy erbetleşdi we bu proýekt belli bir möhletlik ýatdan çykaryldy.

Bu gazgeçirijiniň azyndan belli bir bölegi gözbaşyny Türkmenistanyň Osman-Ýolöten gaz ýataklaryndan alar. Türkmenistanyň bu proýekti özüniň amala aşyrmakçy bolmagy agzalýan gaz ýatagyna we şol gazy akdyrjak geçirijä başga hiç bir ýurduň dahylynyň bolmagyny islemeýänliginde bolsa gerek.

Gazagystanyň Kaşagandaky nebit ýataklaryny özleşdirmek boýunça alnyp barylýan işlere serediň. Bu nebit ýatagyny özleşdirmek işine Orsýet hem gatnaşýar, onsoň bu ýatakdan çykaryljak gazyň nirä akjakdygy hakda gelinjek islendik kararda Orsýetiň täsiri güýçli bolar.

Eger Türkmenistan “Gündogar-Günbatar” gaz proýektini özi gursa, onda bu gazgeçirijä we turbadan akjak gaza tutuşlygyna özi kontrolluk eder. Nsoň ol gaz Orsýete akdyrylmalymy ýa Eýrana, ýogsa-da NABUCCO proýekti arkaly Günbataramy – bu meseläni diňe Türkmenistanyň özi çözer.
XS
SM
MD
LG