Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Poeziýa we erkinlik


Maý aýy dünýäniň köp ýurtlarynda poeziýa baýramçylyklary geçirilýär. Bu däp Türkmenistanda-da bar, ol sowet döwründe, birnäçe onýyllyk mundan öň Magtymgulynyň poeziýa gününi geçirmekden başlandy.


Soňra garaşsyzlyk ýyllarynda ýurtda emele gelen başistik režimiň Magtymgula gyýa garap başlamagy bilen bu baýramçylygyň şowky gaçdy. Emma ýakasy gaýyşly despot ölensoň, Magtymgulynyň poeziýa baýramçylygy ýaňadandan janlandy. Gepiň keltesi, başistik režimiň halkyň elinden bu baýramçylygy aljak bolup eden synanyşygy başa barmady. Her halda režim ony beýleki seneler bilen garyp-gatyp, manysyny ep-esli ýoýmagyň hötdesinden geldi.

Ýöne poeziýany halkyň aňyndan doly öçürmek režime hiç haçanam başartmandy we mundan eýlägem başartmasa gerek. Sebäbi çyn poeziýa edil ýanyp duran ot ýaly mähirli zat. Poeziýa bilen oduň arasyndaky iň uly umumylyk – olaryň ikisiniň-de adamzada ýagtylyk eçilýänligidir: ot adamyny çoýup, ýoluny ýagtyltsa, çyn poeziýa onuň gözlerine nur, ýüregine ylham berýär. Şonuň üçinem otsuz oňup bilmeýşi ýaly, adamzat gadymdan bäri poeziýasyz, edebiýatsyz, sungatsyz hem oňup bilenok.

Sungatyň gymmaty nämede?

Sungatyň adamzat durmuşyndaky iň gymmatly tarapy – ol adam ruhuny asyrdan-asyra kämilleşdirip gidip otyr. Belki, şonuň üçindir, adamzat jemgyýeti ösdügiçe, haýsydyr bir ýurduň, milletiň beýlekilerden artykmaçlygy indi harby güýç bilen däl-de, eýse köplenç onuň sungatda ýeten derejesi bilen ölçelýär. Haýsydyr bir milletiň ruhy güýji kesgitlenjek bolsa, onda derrew onuň nähili beýik ýazyjy-şahyrlarynyň, kompozitorlarynyň, hudožnikleriniň we beýleki sungat wekilleriniň bardygy ýatlanylýar. Hakyky beýik sungat wekilleriniň ady köplenç öz milletiniň adynyň sinonimine öwrülip gidýär. Meselem, Puşkin diýilse, rus, Magtymguly diýilse, türkmen, Şota Rustaweli diýilese, gruzin, Gýöte diýilse, german milleti hakydaňa gelýär.

Diýmek, haýsydyr bir milleti öz beýik sungatyndan hem sungat wekillerinden mahrum etmek – onuň elinden milli kimligini almak bilen deňdir, ol milleti garaňkylykda otsuz goýmakdyr!

Garaşsyzlyk döwründe Türkmenistanda höküm süren başistik režim hut şeýle gödek synanyşyklary etdi: ol halky onuň beýik Magtymgulusyndan, halk aýdym-sazlaryndan, opera-balet sungatyndan we sungatyň başga-da ençeme beýleki görnüşlerinden mahrum etmek isledi. Ýurtda hakyky kitaplar, hakyky ýazyjylar gadagan edilip, ýaranjaň ýazyjy-şahyrlaryň çyrşan ysnat setirleri nusgalyk hökmünde döwlet tarapyndan goldanyldy, öňe sürüldi.

Netijede garaşsyzlyk türkmeniň milli ruhy üçin agyr synaga öwrüldi. Ol öz poeziýasy üçin, hakyky kitaplar, hakyky ylym-bilim üçin göreşmeli boldy. Bu göreş örän haýallyk bilen başlandy. Çünki halk köpçüligi ilki-ilkiler Magtymgulynyň Mollanepesiň, Keminäniň, Seýdiniň, Zeliliniň, Mätäjiniň deregine hödürlenilýän süwümsiz ýazyjylara seňrigini ýygryp seretse-de, bu gabahatlyk öz-özünden ýok bolup gider öýdüp garaşdy. Emma, soňra görülse, ýaranjaň şahyrlar öz-özünden ýok bolup gitjege meňzänoklar. Şondan soň halk köpçüligi türkmen metbugatyndan, radiosyndan we telewideniýesinden doly ýüz öwrüp, daşary ýurt telewideniýesini görüp, erkin radio kanallary diňläp ugrady.

Göreş indi başlanýar

Halkyň milli telewideniýeden we radiodan, milli metbugatdan doly ýüz öwürmegi ýakasy gaýyşly diktator ölensoň, režimi medeni syýasatda käbir özgerişleri girizmäge mejbur etdi. Sebäbi milli gazet-žurnallar okalmasa, milli telewideniýe görülmese, radio diňlenmese, onda döwletiň halkyň aňyna täsir etmek mümkinçiligi nola golaýlaýar. Şondan soň: halk – bir ýana, häkimiýetem – bir ýana bolýar.

Bu ýagdaý hut şeýle terzde birnäçe ýyllap dowam etse, şondan soň halky diňlemeýän, diýdimzor häkimiýetiň sahnadan düşmegi üçin iň bärkije ugurdaş şemalyň hem ýeterlik boljakdygy – köre hasa. Bu ýagdaýy syzan “ýurt eýeleri”, ýagny G.Berdimuhamedowyň adyna bukulyp, ýurdy öz isleglerine görä edara edýän garaňky güýçler, ýagdaýy azda-kände üýtgetmeli diýen karara gelen bolsalar gerek. Edil häzir Türkmenistanda bolup geçýän ýüzleý üýtgeşmeleri häkimlik edijileriň hut şu gorkusy bilen baglanyşdyrsa bolar.

Bu günki gün halka ýarpy-ýaltaragam bolsa, beýik klassyklaryň kitaplaryny okamaga, radiodan, telewideniýeden olaryň şygyrlaryny diňlemäge mümkinçilik berilmegi diňe şeýle syýasy gorky hem şondan gelip çykýan syýasy isleg bilen gabat gelýär. Ýöne hakyky poeziýa, hakyky edebiýat, hakyky sungat ugrundaky göreş erkinlik bilen baglydyr! Erkinlik ugrundaky göreş bolsa, biziň ýurdumyzda diňe indi başlanýar. Bu göreş hökman halkyň ýeňşi bilen tamamlanar. Şol ýeňiş hem türkmen halkynyň eden-etdi režimiň üstünden gazanan ilkinji uly ýeňşi bolar.

Ak Welsapar Şwesiýada ýaşaýan türkmen ýazyjysy. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Degişli makalalar

XS
SM
MD
LG