Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saakaşwiliniň partiýasy saýlawlarda ýeňiş gazandy


Düýn Gürjüstanda ýerli geňeşler boýunça saýlawlar geçirildi.

Paýtagt Tblisiniň şäher häkimligi boýunça geçirilen saýlawlaryň netijesine görä, prezident Mihail Saakaşwiliniň “Milli hereket” partiýasy paýtagtda berlen sesleriň 60%-ni gazandy.

Oppozision partiýanyň wekili Irakli Aalasaniýa bolsa berlen sesleriň diňe 17%-ni gazanyp ikinjiligi eýeledi.

Gürjüstanyň beýleki şäherdir etraplary boýunça geçirilen ses berişlikleriň netijesi häzirlikçe anyk däl.

Prezident Saakaşwili düýnki eden çykyşynda berlen sesler Gürjüstany ýene öňki ugruna saldy diýdi.

“Gürjüstan gaýtadan Ýewropanyň ýoluna düşdi. Gürjüstan gaýtadan ykdysady ösüş ýoluna ugrukdy. Biz bu ugur boýunça uly işler bitirdik. Dünýäniň şu regionynda biziň erkin saýlaw sistemamyz we demokratiýamyz bar we biz muňa buýsanýarys” diýip, Saakaşwili aýtdy.

2008-njy ýylda Gürjüstan bilen Orsýetiň arasynda bolan çaknaşykdan soň, bu saýlaw Gürjüstanda geçirilen ilkinji ses berişlikdir.
XS
SM
MD
LG