Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nadanlaryň hökümi ýa-da açylmadyk sergiden reportaž


Aşgabadyň Şekillendiriş sungaty muzeýi
Aşgabadyň Şekillendiriş sungaty muzeýi

Adam ölenden soňam onuň ady, döreden işleri, ýurduň medeniýet ideologiýasynyň gurýan gözenegini sarsdyryp biljekdigine 26-njy we 28-nji maýda hudožnik Tokar Tugurowyň ýagty ýadygärligine bagyşlanyp, Aşgabadyň Hudožnikler birleşiginiň zalynda geçirilmeli döredijilik sergisinde göz ýetirip galdym...


Hudožnik Tokar Tugurowyň ady ozalam daşary yurtlarda köp çykardy. Onuň işleri Londonda, Parižde, Tokioda, Moskwada, Afrika döwletlerinde birnäçe uly sergilere gatnaşypdy.

1991-nji ýylda Tokar Tugurowyň işleri Tokioda geçen Halkara şekillendiriş sungatynyň sergisine dünýä belli hudožnikler Pikassonyň, Daliniň, Matissiň, Kandinskiniň, Şagalyň, Wan Gogyň, Buffeniň, Mironyň, Pissaronyň, Tamaýonyň, Flaminginiň, Rodçenkonyň, Lentulowyň eserleri bilen bilelikde gatnaşypdy. Şeýle halkara abraýa mynasyp bolan hudožnigiň sergisi ýatyrylyp, öz ýurdunda onuň işleri inkär ediler öýdüp, pikir hem edilmändi.

Serginiň açylyşy

Aşgabadyň Şekillendiriş sungaty muzeýi Tokar Tugurowyň döredijiligine bagyşlap, 26-njy maýda onuň muzeýde saklanýan işleriniň sergisini we kärdeşleriniň, dost-ýarlarynyň gatnaşmagynda hudožnige bagyşlanan medeni çäre gurnaýanlygyny bir hepde öňünden habar beripdi.

Bu çäräni Aşgabadyň Baş teatrynyň aktrisasy Gülälek Akmyradowa alyp barmalydy, bu dabarada Milli konserwatoriýanyň kwartet saz topary çykyş etmelidi. Bu çärä türkmenistanlylardan başga daşary ýurtlaryň Aşgabatdaky ilçihanalaryndan we beýleki daşary ýurt kompaniýalarynyň wekillerinden gelmeli adamlar bardy. Dabara sagat 11:00-da başlanmaly diýlip planlaşdyrylypdy.

Şol gün muzeýiň direktory Saparmämmet Meredow, öňünden hiç kime duýdurmazdan, habar etmezden, öňünden planlaşdyrylan çäräniň başlamagyna dos-dogry bir sagat galanda, ýagny sagat 10.00-da, muzeýiň gapdalynda ýerleşýän Çeperçilik Akademiýasynyň talyplaryny ýygnap, özünden başga-da Akademiýanyň üç sany mugallymyny ýanyna alyp, gyssagly sahna çykýar we bu medeni çärä başlaýar.

Saparmämmet ýanynda oturan mugallymlara söz berip, olary gürledensoň, medeni çäräni ýapmaga çemelenýär. Emma bu mümkin däldi. Sebäbi bu wagt zala ozalky habar berlen wagta görä, ýagny sagat 11-00-a gabatlap gelen adamlar zaly doldurdylar. Olaryň arasynda, elbetde, daşary ýurtly myhmanlar hem bardy. Gelenlerden, Tokar Tuguryň ýoldaşlary, onuň kärdeşleri, ony ýakyndan tanan adamlar, gezekli-gezegine hudožnigiň ömri we döredijiligi hakda gyzykly gürrüň berip ugradylar. Göräýmäge, dabarany gurnaýjylar muňa begenmelidiler. Emma çykyp geplejekleriň sanynyň köpelenligini gören Saparmämmet Meredeow çäräni haýdan-haý jemlemek bilen boldy.

Çykyş edenlerden hudožnikler Baba Owganowyň, Juma Amandurdyýewiň, Guseýin Guseýinowyň, Juma Hudaýgulyýewiň, Annadurdy Myradowyň çykyşlary, şeýle-de žurnalist Ylýas Amangeldiniň Tokar Tuguryň ýagty ýadygärligine bagyşlap okap beren «Reňkler aglaýar» goşgusy oturanlara uly täsir etdi. Dabara ilkibaşda bellenen wagtynda başlanyp, planlaşdyrylyşyna görä geçirilmese-de, gelen myhmanlarda ýatdan çykmajak täsir galanlygyna şübhe ýokdy. Ýogsa, Tokar Tuguryň ýadygärligine bagyşlanan bu dabaranyň ýöne ýerden adaty iş gününde we iş wagtyna gabatlap geçirilmeli edilenligi-de bellidi. Adam azrak gelsin diýlip, şeýdilenligine, eýse düşünmek kynmy?

Hokga çykardylar!

Iş wagty geçirilenligi zerarly 26-njy maýdaky çärä gelip bilmedikler dabaranyň dowamyna garaşdylar. Ol 28-nji maýda, sagat 16:00-da Hudožnikleriň sergiler zalynda bolmalydy. Emma bellenen gün gelende, häkimiýetler ýene-de bir “hokga çykardylar”!

28-nji maý güni sergiler zalynyň direktory Çary Saryhanow hudožnigiň maşgalasyna-da duýdurman, sergi zalyndan Tokar Tuguryň geçiriljek dabara mynasybetli asylan eserlerini aýyrmagy tabşyrýar. Ç.Sarhynow bu buýrugy berip durka, Tugurowyň maşgala agzalary we hudožnigiň kärdeşleri gelip, oňa ýalbaryp, asylgy duran işlere degmezligi haýyş edýärler. Çary Saryhanow ozüne Türkmenistanyň Medeniýet we Teleradioýaýlymlar ministri Gulmyrat Myradowyň işleri aýyrmaly, sergini hem ýatyrmaly diýip buýrandygyny aýdýar.

Aradan köp wagt geçmänkä-de Hudožnikler birleşigi Moskwada saglygyna seretdirip ýören guramanyň başlygy Babasary Annamyradowa jaň edip, bu dörän meseläni çözüp bermegini haýyş edýär. Emma Babasary Annamyradow we döredijilik guramasynyň beýleki ýolbaşçylary öz kürsülerinden gorkup, ministr Gulmyrat Myradowyň buýrugyny berjaý edýärler. Ministriň tapan bahanasy bolsa, bäş ýaşly çaganyň bahanasyndan enaýy däl. Ine, şol bahana: “Şu wagt Aşgabatda başga çäreler köp geçirilýär, şonuň üçinem Tokar Tugurowyň sergisini ýatyrmaly”.

Sergi zalynyň direktory Çary Saryhanow ikinji sapar ministr Gulmyrat Myradowyň ýanyna gidip gelensoň, sergi zalynyň ähli gapylaryny ýapmagy buýruk berýär.

Sagat 15.30 bolanda, sergi zalynyň öňi adamlardan dolýar. Olar adaty 16-00-da açylmaly sergä gatnaşmaga gelipdiler. Sergi zalynyň gapylarynyň ýapykdygyny gören myhmanlar asylgy duran ýazgyny okap, ýuwaş-ýuwaşdan dargap başlaýarlar. Ol ýazgyda «28-nji maýda 16:00-da Türkmenistanyň sungatda at gazanan hudožnigi Tokar Tugurowyň ýagty ýadygärligine bagyşlanyp geçirilmeli sergi ýatyrylýar» diýlip, türkmençe we rusça habar berilýärdi. Gelen adamlaryň arasynda daşary ýurtly myhmanlaram köpdi.

Hudožnik Tokar Tuguryň ýaşuly kärdeşleri: «Şeýle masgaraçylyk, kommunistik ideologiýanyň möwç alan ýyllarynda-da bolmandy. Ol ýyllar käbir hudožnikleriň iki-üç sany işini sergiden aýryp bilýärdiler, ýöne serginiň, onda-da onuň açylmaly güni ýatyrylan wagty entek türkmen taryhynda bir gezegem bolmandy» diýip, başlaryny ýaýkadylar.

Türkmende «Тokaý otla – at gazan» diýen bir nakyl bar... Türkmenistanyň Medeniýet we Teleradioýaýlymlar ministri Gulmyrat Myradow hem, belki, şol kinaýaly nakyla eýerip, erbetlikde öz ýakasyny tanatmak isländir? Beýle bolsa, ol arzuwyna ýetdi. Ýöne Medeniýet ministri öz etmişi bilen bu gezek diňe özüni masgaralap oňmady, ol Türkmenistanyň reformator ady bilen tanalýan prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasy abraýyny hem il içinde gara şaýa öwürdi.

Berdimyrat Batyrow aşgabatly intelligensiýa wekiliniň edebi lakamy. Şu blogda öňe sürlen pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli.



XS
SM
MD
LG