Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Paýtagtda ýaşaýyş gymmatlaýar


Dünýädäki iň gymmat şäherleriň sanawynda Aşgabat 257-nji orundan 163-nji orna geçip, gysga wagtyň içinde ýaşaýyş derejesi boýunça gymmat şähere öwrülenleriň biri hökmünde bellige alyndy.


Häzirki wagtda dünýäniň iň gymmat şäheri Ýaponiýanyň paýtagty Tokio hasaplanylýar. Türkmenistanyň paýtagty Aşgabadyň az wagtyň içinde 94 basgançak ýokary galmagynyň özüne ýetik sebäpleri bar.

Milli walýuta we amerikan dollary

2008-nji ýylyň ortalarynda ýurduň täze saýlanan prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli walýutanyň amerikan dollaryna bolan gatnaşygy babatdaky geçiren reformasy Aşgabatda harytlaryň bahasynyň ýokary galmagyna täsirini ýetirdi.

2008-nji ýyla çenli Türkmenistanda amerikan dollarynyň iki kursy, ýagny «gara bazardaky» kursy we resmi kursy saklanylyp gelinýärdi. Bir amerikan dollary 2008-nji ýyla çenli «gara bazaryň» nyrhynda 24 müň manada, resmi kurs boýunça bolsa 5400 manada barabardy. Resmi kursda bir dollaryň bahasy 5400 manat diýlip kesgitlense-de, ýurduň içindäki ähli haryt dolanyşygy «gara bazardaky» kurs boýunça aýlanýardy.

Berdimuhamedowyň milli walýutada geçiren reformasyna laýyklykda, ýurtda amerikan dollarynyň manada bolan ýeke-täk gatnaşygy ýola girizildi we 1 amerikan dollary 14321 manat diýlip kesgitlenildi. Amerikan dollarynyň ýeke-täk kursunyň kesgitlenen gününden iki ýyldan gowrak wagtyň geçendigine garamazdan, şol kurs häzirki wagta çenli hiç bir üýtgewsizliginde galýar.

Milli walýutanyň amerikan dollaryna bolan gatnaşygynyň tas iki essä çenli aşak düşürilmegi ýurda daşyndan getirilýän harytlaryň nyrhlarynyň ep-esli derejede pese düşmegine getiren-de bolsa, içerki önümleriň bahasy bir durkunda saklandy. Bu bolsa dollar gatnaşygy bilen deňeşdireniňde, ýurtda öndürilýän harytlaryň tas iki essä golaý ýokarlanmagyna getirdi.

Ýurtda amerikan dollarynyň manada bolan ýeke-täk gatnaşygynyň girizilmegi bilen, Aşgabatda, esasan, tehnikalar, elektroniki enjamlar, awtoulaglar ep-esli derejede arzanlady, ýöne iýmitiň bahasy welin juda gymmatlady. Hususan-da, et önümleri bäş ýyl mundan öňki nyrhlar bilen deňeşdireniňde, has-da ýokarlandy. Häzirki wagtda bir kilogram etiň bahasy paýtagt Aşgabatda 4 amerikan dollaryna barabardyr.

Ýaşaýyş jaýlarynyň bahasy keýigiň şahynda

Türkmenistanda ortaça aýlyk haky 200 amerikan dollaryna barabar. Paýtagtda bir otagly kwartiranyň bahasy bolsa 35 müň dollardyr.

Soňky üç-dört ýylyň içinde paýtagtda gurluşyklar sebäpli jaýlaryň gaty köp möçberde ýykylmagy, ilata bolsa täze mellek ýerleriň paýlanylyp berilmezligi netijesinde Aşgabatdaky kwartiralaryň bahasy keýigiň şahyna çykdy. Eger-de 2005-nji ýylda bir otagly kwartiranyň bahasy bary-ýogy 4 müň dollar bolan bolsa, onda häzirki wagtda olaryň bahasy 35 müň dollara baryp ýetdi. 4-5 otagly kwartiralar bolsa 80 müň dollardan geçýär.

Aşgabatda gurulýan elita tipli jaýlaryň bahasy bolsa has gala. Olaryň iň arzanynyň bahasy 100 müň amerikan dollaryndan geçýär. Bu tipdäki jaýlaryň 5 otagly kwartiralarynyň bahasy 200 müň amerikan dollaryna barabardyr.

Paýtagtda jaýlaryň şeýle gala bolmagy aşgabatlylaryň ählisiniň ol kwartiralardan islendik möçberde satyn alyp bilýänligini aňlatmaýar.

Elita tipli jaýlaryň ählisi 30 ýyllyk möçberde kreditine berilýär. Emma ortaça 200 dollar aýlyk alýan Aşgabadyň ýaşaýjylary ol jaýlary kreditine almaga-da känbir höwes bildirmeýärler.

Jaýlaryň bahasynyň galmagy bilen, kireýine berilýän kwartiralaryň-da nyrhy görnetin artdy. Häzirki wagtda paýtagtyň «Mir» mikroraýony töwereginde bir otagly kwartiralar aýyna 100-150 dollara, 3-4 otagly kwartiralar bolsa aýyna 400-500 dollara kireýine berilýär.

Aşgabatda daşary ýurtlardan gelýänleriň aglabasy «Mir» mikroraýonynyň çäginden kwartiralary kireýine alýarlar. Bu bolsa öýsüz kösenýän paýtagtlylara zyýan ýetirýär. Sebäbi daşary ýurtlular üçin 5 otagly jaýa aýda 500 dollar tölemek uly pul bolup görünmese-de, öýi ýykylyp, täze öý berilýänçä wagtlaýynça kireýine ýaşamaly bolýan hojalyklara 200 dollar aýlyk bilen juda çökder.

Aýlyklar pyýada, nyrhlar atly

2005-nji ýylda ortaça aýlyk iki million manatdy. Şol döwrüň hasabynda ol 83 dollar, häzirki kurs bilen hasaplanyňda bolsa 140 dollar bolýar. Häzir ortaça aýlyk 3 million ýa-da täze denominirlenen pulda 600 manat. Bu bolsa 200 dollar bolýar. Diýmek, bäş ýylyň dowamynda aýlyklar bary-ýogy iki ýarym esse galypdyr, jaýlaryň bahasy bolsa dokuz essä golaý göterilipdir.

Soňky bäş ýylyň dowamynda paýtagtda aşa gurply gatlagyň hatarynyň artýandygy mese-mälim bildirýär. Paýtagtyň köçelerinde bahasy 50 müň amerikan dollary bolan maşynlaryň duşmagy indi geň galdyryjy däl. Aşgabatdaky iň gymmat restoranlarda 10-15 müň, hatda 20 müň dollar çykarylyp, toý tutulýar.

Aşgabatda iň arzan taksi hyzmaty

Aşgabatda ýaşaýşyň gün-günden gymmatlaýandygyna garamazdan, taksi hyzmatynyň nyrhy juda arzan bolmagynda galýar. Taksiniň ortaça nyrhy 1 dollar. Paýtagtyň ol künjünden beýleki künjüne çykmak üçin bolsa bary-ýogy 2 dollar ýeterlikdir.

Taksileriň Aşgabatda arzan bolmagynyň birnäçe sebäpleri bar. Ýurtdaky işsizlik zerarly, diňe bir aşgabatlylar däl, eýsem beýleki welaýatlardan gelenler hem paýtagtyň köçelerinde kireý edip, gazanç edýärler. Şunuň netijesinde-de taksileriň bahasy Aşgabatda juda arzandyr.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
XS
SM
MD
LG