Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetli ýolbaşçy bir zenany ýenjenlikde aýyplanýar


Orsýetiň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň maglumatyna görä, Orsýetiň Şahtyorsk etrabynyň häkimi 69 ýaşyndaky bir zenany ýenjenlikde aýyplanyp wezipesinden çetleştirildi.

Şol zenan noýabr aýynda häkimiň kabinetiniň gapysyny haýal açanlygy üçin agzalýan ýolbaşçy tarapyndan ýenjilipdir.

Ýerli prokurorlara salgylanylyp çap edilen habarlarda Wladimir Hapalowyň giçlik öz edarasyna baranlygy we şol zenany iş wagtynda ýatanlykda aýyplap ýenjenligi aýdylýar.

Şol zenanyň ýykylyp, kellesini gyzdyryja uranlygy sebäpli iki hepde keselhanada ýatmaly bolanlygy hem bellenilýär.

Häzirki döwürde Hapalow öz wezipesinden çetleştirildi. Oňa garşy jenaýat işi alnyp barylýar.
XS
SM
MD
LG