Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran: "Ýadro programmasy barada ýalnyş maglumat berilýär"


BMG-nyň Halkara atom energiýasy gullugyndaky Eýranyň wekili Tähranyň ýadro programmasy barada bu guramanyň ýalnyş maglumat berýänligini aýtdy.

Eýranly wekil Ali Asgar Soltani Halkara atom energiýasy gullugynyň inspektorlarynyň fewral aýynda Eýrana eden sapary mahalynda olaryň öňden aýan edilmedik bir desga gözüniň ilenligi barada hasabatda orta atylan pikiriň ýalnyşdygyny öňe sürdi.

“Pyroprocessing” diýlip atlandyrylýan şol desga uran we plutony ulanylan ýangyçdan aýyrmak üçin peýdalanylýar. Şol uran we pluton parahatçylykly maksatlar bilen bir hatarda ýarag öndürmek üçin hem ulanylyp bilinýär.

Soltani Eýranyň bu mesele barada Halkara atom energiýasy gullugyna hat ýazjakdygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG