Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Howpsuzlyk geňeşinde Eýran barada ses berişlik bolar


Eýranyň ýadro programmasy bilen bagly taslama boýunça geljek 10 günüň dowamynda BMG-niň Howpsuzlyk geňeşinde ses berişligiň bolmagy mümkin. Bu pikiri iýun aýy boýunça geňeşiň ýolbaşçylygyny alyp barýan meksikaly diplomat öňe sürdi.

BMG-niň Howpsuzlyk geňeşindäki Meksikanyň wekili Klaude Heller Eýrana garşy girizilmeli sanksiýalar hem-de daşary ýurtlara sapar etmegi gadagan edilmeli eýranly wekilleriň sanawy barada geňeşiň agzalarynyň arasynda alnyp barylýan gepleşiklerde ösüşiň bardygyny hem aýtdy.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat wekili Filip Krowly Waşingtonuň bu ses berişligiň 20-nji ýa-da 21-nji iýunda geçiriljekdigine umyt edýänligini belledi.

Eger bu rezolýusiýa tassyklansa, urany baýlaşdyrmagy togtatmanlygy sebäpli Tährana garşy sanksiýalaryň dördünji tapgyrynyň giriziljekdigini aňladar.

Bu taslama hakda ABŞ-nyň, Britaniýanyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň, Orsýetiň, Hytaýyň arasynda bir eýýäm ylalaşyga gelindi.
XS
SM
MD
LG