Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mahaçgalada kontrterroristik operasiýada üç söweşiji öldürildi


“Mahaçgalada kontrterroristik operasiýanyň gidişinde üç söweşiji öldürildi. Olaryň kimlerdigi anyklandy” - diýip, Orsýetiň Federal howpsuzlyk gullugynyň Dagystan boýunça wekili aýtdy.

Olaryň biri milisiýa işgäriniň janyna kast etmekde aýyplanyp, gözlenýän Elgar Nowruzow, ikinjisi Kaspiýsk şäheriniň ýaşaýjysy, ýakynda bu şäherde bolan partlama gatnaşygy bolan Musa Dawydow, üçünjisi Fazuli Mämmedow.

Olaryň gizlenen jaýyndan ýaragdyr ok-däri tapyldy.

Ýörite gulluklaryň işgärlerinden hem parahat ilatdan jebir çeken ýok.
XS
SM
MD
LG