Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainanyň ýüzi hanjak?


Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiç
Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiç

Ukraina prezident Wiktor Ýanukowiçiň häkimiýet başyna geçmeginiň 100 günlügini belleýär. Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugynyň ýolbaşçysy Irina Halupa bu 100 günüň dowamynda ýola goýlan hem kabul edilen 10 sany esasy özgerişi belledi.

Ukrainanyň Günbatardan çetleşip, ýüzüni Orsýete öwrenligini aňladýan ol syýasy özgerişler esasan şulardan ybarat:

1. Ýanukowiç we onuň Daşary işler ministri Konstantin Gryşçenko NATO agzalygyň mundan beýläk Ukrainanyň öňde goýýan syýasatynyň hataryna girmeýänligini aýtdylar. Bu diňe Ýuşenkonyň däl, ondan öňki prezident Leonid Kuçmanyň hem 1996-njy ýyllardan bäri bu ugurda edip gelen tagallalaryna nokat goýdy.

2. Ukrainanyň Baş kanunyna görä, ozal partiýalaryň we bloklaryň arasynda koalisiýa döredilip bilinýärdi. Emma Ýanukowiçiň regionallar partiýasy Ýuliýa Timoşenkonyň we Ýuşenkonyň partiýasynyň käbir deputatlarynyň goldawy bilen koalisiýanyň diňe partiýalaryň arasynda däl, parlamentiň agzalarynyň arasynda-da döredilip bilinmegini kanunlaşdyrdy. Azatlyk Radiosynyň bu dokument konstitusion sud tarapyndan tassyklanarmy diýip, regionallar partiýanyň deputatlaryna beren soragyna olar “Biz Baş kanun sudy bilen ylalaşdyk” diýip, jogap berdiler. Sud oppozisiýanyň bu sorag boýunça arzyny ret edip, dokumentiň Baş kanuny bozmaýanlygyny tassyklap, höküm çykardy.

3. Orsýetiň Ukrainanyň Krym portunda ýerleşýän harby bazasynyň möhleti 2017-nji ýylda tamamlanýardy we Ýuşenko bu kontraktyň täzelenmejegini aýdypdy. Emma Ýanukowiç Orsýet harbylaryny şol ýerde 2042-nji ýyla çenli galdyrmak hakda Moskwa bilen ylalaşyga gol goýdy.

4. Ýanukowiç 1932-33-njy ýyllarda Kreml tarapyndan gurnalanlygy aýdylýan we 10 million töweregi ukrainalynyň ölümine sebäp bolan açlygyň köpçülikleýin gyrgynçylyk däldigini tassyklap çykyş etdi. Ol Ýewropa Geňeşinde eden çykyşynda “Onuň tutuş Sowet Soýuzyny öz içine alan we hemmelere ýaramaz täsirini ýetiren “tragediýadygyny” aýtdy. Şol açlygyň köpçülikleýin gyrgynçylyk hökmünde ykarar edilmegi Ýuşenkonyň syýasatynyň esasy ugry bolup, Ukrainanyň parlamenti 2006-njy ýylyň noýabr aýynda bu barada karar kabul edipdi.

5. 2010-njy ýylyň maý aýynyň 30-da geçirilmeli ýerli saylawlar yza süýşürildi. Bu Baş kanunyň saýlawlaryň geçirilmeli möhleti baradaky maddasynyň äsgerilmeýändigini aňladýar.

6. Ýanukowiçiň ukrain diliniň bu ýurduň resmi dili bolup galjakdygyny aýtmagyna garamazdan, rus dili ýurtda we hökümet düzüminde barha güýçlenip barýar. Ukrainanyň täze saýlanan premýer-ministri Mykola Azarow etniki rus bolup, ol ukrain dilini asla bilenok. Krymyň parlamenti hem ýakynda kabul eden kararynda pasportlarynyň ukrain dilinde däl-de, rus dilinde çap edilmegini talap etdi.

7. Roman Şuhewyç ukrainaly syýasatçy we harby lider hemem Ukrainanyň Gozgalaňçy Armiýasynyň komandiridi. Stepan Bandera bolsa Ukrainanyň günbataryndaky “Milli hereket” atly toparyň ýolbaşçylaryndan biri bolup, ol ukrain milletçileriniň guramasyna-da ýolbaşçylyk edipdi. Olar sowet döwründe garalansalar-da, Ýuşenkonyň ýörite karary esasynda olara “Watan gahrymanlary” diýlen at dakyldy. Emma Ýanukowiç şol sylaglary olardan yzyna aldy.

8. Ukrainanyň Howpsuzlyk gullugynyň kömegi bilen Ýuşenko Orsýetiň Krymdaky harby bazasynda iş alyp barýan Orsýetiň Federal howpsuzlyk gullugynyň işgärlerini regiony terk etmäge mejbur edipdi. Ýanukowiç olara yzyna dolanmaga rugsat berdi.

9. Ýanukowiç Orsýetiň Ukrainada has köp maýa goýjakdygyny wada berdi, Ukrainanyň howaýollary senagaty, ýadro pudagy we strategiki edaralarynyň hem Orsýetiň kompaniýalaryna we biznesmenlerine satylmagyna garaşylýar. Ukrainanyň iň baý adamlaryndan biri we Ýanukowiçi goldaýan parlament agzasy Renat Ahmetowyň bu ýurtda ýerleşýän “Polat” kärhanasyny satyn almak baradaky synanyşygy başa barmady, sebäbi bu kärhana Ahmetowyň deregine bir orsýet kompaniýasyna satyldy. Ahmetowyň ätiýaçlyk 50 million dollary, sebäbi düşündirilmezden yzyna berildi we soňra bu kärhananyň orsýet kompaniýasyna satylandygy mälim boldy. Ahmetow bu mesele boýunça Londonda ýerleşýän suda arza bilen ýüz tutdy.

10. Ukrainanyň howpsuzluk gulluklary Uniwersitetleriň ýolbaşçylaryna iberen hatynda olary ýurduň täze saýlanan bilim ministrini goldaýanlygy barada dokumente gol goýmaga çagyrdy. Ýurtda protestçileriň hereketi basylyp ýatyryldy, olar ýenjildi we käbirleri saklanyldy. Protestçiler käbir halatlarda howpsuzlyk güýçleri tarapyndan ýenjilseler, käbir halatlarda jenaýatçy toparlar tarapyndan ýanaldylar. Şeýle wakalardan biri ýakynda Harkowda boldy. Daşky gurşawy goraýjy aktiwistler bir gurluşygyň garşysyna protest bildirmek üçin jemlenenlerinde, olar hukuk goraýjy organlar tarapyndan ýenjilip, soňra-da resmi suratda saklandylar.
XS
SM
MD
LG