Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ösüş boýunça sanlar gözboýagçylykmy?


Karikaturany çeken Mihail Zlatkow
Karikaturany çeken Mihail Zlatkow

Eger Türkmenistanyň soňky hökümet maslahatynyň maglumatlaryna syn edilse, ýurduň yzygiderli ägirt uly üstünlikler gazanýandygyna ynanmak mümkin. Bu iş ýüzünde hakykatdan-da şeýlemi? Propagandanyň mahabatly teswirlerine Türkmenistanyň ilaty ynanýarmy?


Hökümet başlygynyň orunbasary Japarowyň bäş aýyň içinde ýurduň gazanan ykdysady ösüşleri baradky hasabaty göz giderlik derejede gowy bolup görünýär. Ähli ýerde, hemme ugurlar boýunça Türkmenistan planlaryny artygy bilen ýerine ýetiripdir. Jemi içerki önümiň öndürilişi gyşarnyksyz ösýär. Diňe gurluşyk ugrunda ösüş depgini 2,2 esse artypdyr.

Bu bolsa hatda spesialist bolmadyk adamlarda-da: “Eger iki esse gowrak artygy bilen ýerine ýetirip bolýan bolsa, başda düzülende ol nähili planka?” diýen soragy döredýär. Belki, plany düzüjiler bir zatlary hasaba alan däldirler, göz öňünde tutan däldirler? Ýa bularyň barysy gözboýagçylykmy?

Beýleki sanlaram ykdysadyýetiň uly üstünlklerinden habar berýär. Şol üstünlikleri ýurduň raýatlary duýaýmaly. Şu tema-da Japarowyň hasabatynda gozgaldy. “Ortaça iş haky 2010-njy ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 13 prosent ösdi” diýip, wise-premýer nygtady.

Aýlyk hakyny almaýanlaryň sanyny azaltmak boýunça hökümetiň nähili çäreler görendigi, neneňsi işler alyp barýandygy barasynda-da häkimiýetler bir zatlar aýdan bolsa, elbet-de, gowy bolardy.

Türkmenistanda işsizlik bardaky maglumat iň gizlin döwlet syrlarynyň hataryna girýär. Şol maglumatlary aýan eden, daşary çykaran adamynyň azatlykdan köp ýyllaryň dowamynda mahrum bolmagy mümkin. Şonuň üçinem Türkmenistandaky işsizlik baradaky maglumatlary diňe ýurduň daşyndaky çeşmelerden tapmak, almak mümkin.

Ýokary derejedäki işsizlik

Şol çeşmeler postsowet giňişliginde iň ýokary derejedäki işsizligiň Türkmenistandadygyny tassyklaýar. “Türkmenistanda işe ukyply adamlaryň arasynda işsizlik 25%-den az däl” diýip, aprel aýynda Orsýet metbugatynda tassyklandy. Diýmek, bu ýurtdaky işe ukyply adamlaryň dörtden biriniň Japarowyň ýokarlandy diýýän aýlygyndan mahrumdygyny aňladýar.

Içerki önümiň ösüşi, beýleki ugurlardaky ykdysady görkezijiler işden mahrum edilen graždanlaryň dörtden birine degişli däl. Hut şol adamlar ilatyň gün-güzeranyny, durmuş şertlerini gowulandyrmak barada häkimiýetleriň alyp barýan işleri, şol tagallalaryň netijesinde ilatyň abadan durmuşda ýaşaýandygy, bu ugurdan uly üstünlikleriň gazanylýandygy barada resmi propagandanyň tassyklamalaryna, onuň hakykata näderejede bap gelýändigini gaty gowy bilýärler.

Prezidentiň: “Türkmenistanyň gülläp ösmegine, tutuş halkyň abadan durmuşyna gönükdirilen progressiw özgerişler hem reformalar boýunça ýurt batly gadamlar bilen öňe barýar” diýen sözlerine şol onlarça müň işsizler nähili düşünmeli?!

Başga sözler bilen aýdylanda, ýurtdaky işsizler armiýasy häzirlikçe ýatdan çykaryldy, unudyldy. Şolarsyzam üstünlik gazanyp bolar. Bu wakalar gaz gorunyň möçberi boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän ýurtda bolup geçýär. Şol dördünji ýurtdaky dörtden bir işsizlere hiç hili goldaw berilmeýär. Olary döwlet reýestrine ýazmak bilen işsizlikden dynmagy makul bildiler gerek. Ýurtda işsizler asla ýok. Görnüşine görä, jemgyýete bu ýagdaýa şeýle düşünmeli diýlen buýruk berildi.

Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG