Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dokma senagaty haýsy ugurlardan ösýär?


Türkmenistan dokma senagatynyň sergisini geçirýär. 6-njy iýunda Aşgabatda açylan halkara sergisi dokma senagat işgärleriniň iýun aýynyň birinji ýekşenbesinde bellenilýän professional baýramçylygyna gabatlanyp geçirilýär.


“Türkmenistanda öndürilen” diýen belgili dokma önümlerine dünýäde uly talabyň bardygyny G.Berdimuhamedow Türkmenistanyň dokma senagatynyň işgärleriniň baýramçylyk güni eden çykyşynda aýtdy.

Itar-Tass agentliginiň habaryna görä, Türkmenistanda öndürilen jinsi matadan bolan önümleriň ABŞ-da meşhurlyga eýe bolanlygy şu günler Aşgabatda geçirilýän halkara sergide mälim edildi.

Maglumatda Türkmenistanyň dokma önümleriniň 70% gowragynyň eksport edilýänligi bellenip, Levi’s we IKEA ýaly dünýäniň meşhur kompaniýalarynyň öz harytlaryny Türkmenistanyň ýerli dokma fabriklerinde öndürýänligi aýdylýar.

“Türkmenistanyň dokma senagatynyň esasy ugurlary” atly halkara sergisinde 50-den gowrak kärhananyň, şol sanda dokma senagaty üçin gurallary öndürýän italiýan, german, türk we koreý kompaniýalarynyň 20-den gowragynyň önümleri ýerleşdirildi.

Prezident G.Berdimuhamedow Türkmenistanyň ykdysady ösüşinde ýurduň dokma senagatynyň örän uly paýynyň bardygyny belledi we pudagy ösdürmek meselesine mundan beýläk ähmiýet beriljegini aýtdy.

Kärhanalaryň eýeçiligi

Türkmenistanyň prezidentiniň sözlerine görä, ýurtda gurulýan we döwrebap enjamlaşdyrylan dokma fabrikleriniň işe girizilmegi pudagyň ösüşini subut edýär.

G.Berdimuhamedowyň sözlerine görä, Türkmenistan dokma senagatyna täze we netijeli tehnologiýalaryny girizmekçi we bu ugurdan halkara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine uly ähmiýet berilýär.

Türkmen metbugatyna görä, Aşgabatda geçirilýän halkara sergisine türkmen ykdysadyýetiniň döwlete garaşly bolmadyk sektoryna degişli özbaşdak kärhanalaryň hem gatnaşýanlygy aýdylýar.

Şu günki gün Türkmenistanda işleýän hususy kärhanalaryň ençemesiniň daşary ýurt biznesmenleriniň eýeçiligindedigini we olaryň esasan türk şirketleridigini türkmenistanly synçylar aýdýarlar.

Bu ýagdaýyň Türkmenistanda öndürilýän önümleriň bahasyna hem täsir ýetirýänligini bellemek bilen türkmenistanly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew garaşsyzlyk ýyllarynyň başynda Türkiýäniň kompaniýalary tarapyndan gurlan zawod-fabrikleri türkmen tarapynyň soňky döwürde öz eýeçiligine geçirmek boýunça işleri alyp barýanlygyny aýtdy.

Taýýar önümler we pagta önümçiligi

Amanmyrat Bugaýew ýurtda öndürilýän pagtany täzeden işlemek we dokma senagatyny ýola goýmak, ýagny çig pagtadan taýýar önümleri öndürmek çäreleriniň Türkmenistanyň ykdysadyýetini ösdürmek ugrunda uly ädim bolanlygyny belledi.

Bugaýewiň pikirine görä, häzirki wagtda ýurtda öndürilýän pagta çig mal görnüşinde satylman, taýýar önümler görnüşinde eksport edilse, bu ýurt üçin hem ykdysady hem sosial taýdan bähbitli bolar.

Garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda çig pagtanyň ýetmezçiliginiň hem dokma senagatynyň ösüşine päsgelçilik berenligi aýdylýar.

Türkmenistanyň hökümetiniň öňki geňeşçisi Wladimir Ýerofeýew ozalky ýyllarda iş ýüzünde bir milliona çenli pagta ýygmaga mümkinçilik bolan döwürde türkmen ýolbaşçylarynyň 2-3 million tonna hasylyň ýygylanlygyny yglan edip, pagta eksporty boýunça daşary ýurtlar bilen uzak möhletleýin şertnamalary baglaşanlygyny gürrüň berdi.

W.Ýerofeýew Nyýazow tarapyndan gol çekilen şol borçnamalara degişli meseläniň häzirki ýagdaýynyň nämälim galýanlygyny bellemek bilen Nyýazowyň ýolbaşçylygynyň soňky ýyllarynda pagta önümçiliginiň we dokma senagatynyň türkiýeli biznesmen Ahmet Çalygyň garamagynda bolanlygyny aýtdy.

Türkmenistanyň resmi maglumatlaryna görä, 2009-njy ýylda ýurduň pagta hasylynyň mukdary bir million tonna çemesi boldy. Türkmenistanyň haryt-çig mal biržasynda daşary ýurtly hyrydarlar, şol sanda britaniýaly, amerikaly, eýranly we orsýetli hyrydarlar tarapyndan uly isleg bilen satyn alynýan türkmen mallarynyň arasynda, hususan-da, pagta süýümi we geýim, ýorgan-düşek, mata ýaly dürli dokma önümleri agzalýar.

7-nji iýunda Aşgabatda dokma pudagyna degişli ykdysady forum geçirilýär. 8-nji iýunda Şweýsariýanyň “Rieter” şirketi Türkmenistanyň Dokma senagat ministrliginde dokma gurallary boýunça seminar geçirer.
XS
SM
MD
LG