Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ahmedinejad: “Sanksiýalar girizilse, gepleşikler kesiler”


Eýranyň prezidenti Mahmut Ahmedinejad: “Birleşen Milletler Guramasy ýadro programmasy sebäpli Eýranyň garşysyna täze sanksiýalaryň girizilmegini kabul etse, Tähran gepleşikleri keser” diýip, duýduryş berdi.

Eýran ýolbaşçysy muny 8-nji iýunda Stambulda aýtdy. Ol bu ýerde “Aziýada hyzmatdaşlyk we özara ynamy artdyrmak çäreleri” boýunça geçirilýän halkara konferensiýa gatnaşýar.

“Men öňdenem aýdyp gelýärin. Amerikan hökümeti we onuň ýaranlary bize rezolýusiýa taýagyny galgadyp, soňam oturyp gürleşeris diýip pikir edýän bolsalar, ýalňyşýarlar. Beýle zat bolmaz. Birek-birege sylag-hormat, adalatlylyk bar ýerinde biz her bir adam bilen gürleşeris. Eger-de biri biz bilen gödek, buýruk beriji äheňde gürleşjek bolsa, onuň jogaby ozaldan belli” diýip, Ahmedinejad nygtady.

“Bu pursat gaýtalanmaz”

Eýran prezidenti: “Bu pursat gaýtalanmaz” diýip, halkara arkalaşygyny ýadro ýangyjy barada Türkiýe bilen Braziliýanyň araçylygy bilen gelnen ylalaşygy ret etmezlige çagyrdy.

Agzalýan bu ylalaşyk boýunça Eýran pes derejede baýlaşdyrylan 1200 kilogram urany Türkiýä iberip, onuň deregine 120 kilogram ýadro ýangyjyny almaly. Günbatar ýurtlary bu teklibi ret edýärler.

Günbatar Eýranyň ýokary derejede baýlaşdyrylan urany atom bombasyny öndürmek üçin ulanmagyndan gorkýar. Tähran hem muny ret edip, ýadro programmasynyň parahatçylykly maksatlar üçindigini aýdýar.

Ahmedinejad: “Amerikan prezidenti Barak Obama Eýran baradaky syýasatyny üýtgetmese, utular” diýdi. Ol: “Orsýet hem Eýran halkynyň duşmanlarynyň hataryna goşulmaz ýaly, dykgat etmeli” diýdi.

Orsýetiň Stambul sammitine gatnaşýan premýer-ministri Wladimir Putin özüniň Ahmedinejad bilen gürleşjekdgini aýtdy. Ol şeýle hem: “Täze sanksiýalar çendenaşa agyr bolmaly däl” diýidi.

“Biz Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň rezolýusiýalary çendenaşa agyr bolmaly diýip, pikir edemzok. Ol Eýranyň, Eýran ýolbaşçylarynyň, aýratyn-da Eýran halkynyň parahatçylykly ýadro energiýasyny ösdürmeginiň öňüni almaly däl” diýip, Putin öz pikirini beýan etdi.

Rezolýusiýa maslahatlaşylýar

Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşinde 8-nji iýunda Eýranyň garşysyna göz öňünde tutulan sanksiýalaryň dördünji tapgyry barada pikir alyşyldy. Günbatar diplomatlary bu rezolýusiýa Howpsuzlyk Geňeşiniň bäş hemişelik agzalary Britaniýa, Fransiýa, Hytaý, Orsýet we Birleşen Ştatlaryň goldamagy bilen kabul ediler diýip, pikir edýärler.

Geňeşiň hemişelik däl agzalary bu rezolýusiýa ýa ses bermekden saklanmakçy ýa-da Türkiýe we Braziliýa ýaly onuň garşysyna ses bermekçi. Türkiýe bilen Braziliýa: “Bu rezolýusiýa islenýäniň ters netijesini berer” diýýärler.

Halkara Atom Energiýasy Gullugynyň Baş direktory Ýukiýa Amano ýadro materiallarynyň ählisiniň parahatçylykly maksatlar üçindigini tassyklamak barada Eýranyň bu edara bilen hyzmatdaşlyk etmänligini aýdýar.
XS
SM
MD
LG