Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG-niň Baş sekretary Ysraýyla çagyryş etdi


Sişenbe güni BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-Mun geçen hepde Gaza sektoryna barýan gumanitar gämä Ysraýylyň harbylarynyň eden hüjümi bilen baglanyşykly waka boýunça derňewlere halkara guramalarynyň wekilleriniň hem gatnaşmagyna Ysraýylyň razylyk bermegine çagyryş etdi.

Ban Ki-Mun halkara wekilleriniň gatnaşmagynda geçiriljek derňewleriň has ynamdar, bitarap we açyk netijeleri berjekdigine ynanýandygyny aýtdy.

31-nji maýda 9 adamyň ölümine getiren bu hüjümiň yzy bilen BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşem bu waka boýunça düýpli derňewleriň geçirilmegine çagyryş edipdi.

Şu hepdäniň duşenbe güni eden çykyşynda Ysraýylyň wise-premýeri Silwan Şalom ýurduň hökümetiniň bu wakalary derňemekligiň dürli wariantlaryna garaýandygyny hem-de bu ugurda Amerikanyň Birleşen Ştatlary we Birleşen Milletler Guramasy bilen gepleşikler alyp barýandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG