Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetli dört sany esgere jenaýat aýyplamasy bildirildi


Şu ýylyň aprelinde Polşanyň prezidentiniň münüp barýan uçarynyň heläkçilige uçran wagty ölen adamlardan biriniň kredit kartoçkasyny ogurlan orsýetli dört sany esgere düýn jenaýat aýyplamasy bildirildi.

Orsýetiň prokuraturasynyň sülçüleri uçar heläkçiliginiň ýüz beren ýeri bolan Smolenskiniň golaýynda gulluk edýän bu esgerleriň ogurlan bank kartoçkasy arkaly 2 müň dollar töweregi pul alandyklaryny aýdýarlar.

Orsýetiň derňew komissiýasynyň metbugat sekretary Wladimir Markin düýn žurnalistlere beren interwýusynda bu aýyplanýan dört esgeriň öz günälerini boýun alandyklaryny aýtdy.

10-njy aprelde Smolenskiniň golaýynda ýüz beren şol uçar heläkçiliginde Polşanyň prezidenti Leh Kažynskiý bilen birlikde ýene 95 adam ölüpdi.
XS
SM
MD
LG