Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB-Orsýet hyzmatdaşlygyna itergi berilýär


Germaniýanyň kansleri Angela Merkel Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew bilen duşuşýar, Schloss Meseberg, iýun, 2010-njy ýyl.
Germaniýanyň kansleri Angela Merkel Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew bilen duşuşýar, Schloss Meseberg, iýun, 2010-njy ýyl.

Ýewropa Bileleşiginiň agza döwletleriniň ilçileri Bileleşigiň Moskwa bilen daşary syýasy hyzmatdaşlygy güýçlendirmek teklibini maslahat edýärler.

8-nji iýunda Brýusselde geçirilen maslahatda garalan teklip Germaniýanyň kansleri Angela Merkel bilen Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedewiň arasynda 5-6-njy iýunda Germaniýanyň Meseberg şäherinde gol çekilen umumy Memorandumyň bir bölegi bolup durýar.

31-nji maý bilen 1-nji iýun aralygynda bolan ÝB-Orsýet sammitiniň yz ýany öňe sürlen inisiatiwa Brýussel Moskwanyň hyzmatdaşlyga itergi bermek synanyşygy hökmünde garaýar.

ÝB-niň diplomatlary geçen hepdede Ýewropa Bileleşigi bilen Orsýetiň arasynda ýokary derejedäki duşuşygyň Brýussel bilen Moskwanyň aragatnaşyklarynda has pozitiw döwrüň başlangyjy bolmagy mümkin diýip belleýärler.

ÝB-niň resmileri Medwedewiň Don boýundaky Rostow şäherinde geçen sammitindäki pozisiýasyny “has konstruktiw” diýip atlandyrdylar.
ÝB-niň resmileri sammite üstünlikli diýen baha berdiler we Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedewiň Don boýundaky Rostow şäherinde geçen sammitindäki pozisiýasyny öňküsinden “has konstruktiw” diýip atlandyrdylar.

31-nji maýda geçirilen sammitiň yz ýany, 5-6-njy iýunda, Germaniýanyň Meseberg şäherinde D.Medwedew bilen Germaniýanyň kansleri A.Merkeliň arasynda hem duşuşyk geçirildi.

Ýokary derejeli bu duşuşyga synçylar howpsuzlyk syýasaty boýunça bilelikdäki inisiatiwa hökmünde garaýarlar we daşary syýasata degişli meselelerde Brýussel bilen Moskwanyň hyzmatdaşlygynyň güýçlenmegine garaşýarlar.

Söwda, energiýa we reformalar

Don boýundaky Rostowda bolan sammitde D.Medwedewiň söwda, energiýa we düýpli reformalar ýaly, adatça, dawaly bolan ugurlarda öňegidişlik gazanmaga taýýarlyk bildirmegi ÝB-ni geň galdyrypdy.

A.Merkel bilen duşuşygynda D.Medwedew Ýewropanyň howpsuzlygyna degişli reformasyny Ýewropa Bileleşiginiň goldamagyny sorady. Orsýetiň prezidentiniň bu proýektine Ýewropanyň döwletleri Mokswanyň NATO garşy nobatdaky pirimi hökmünde garaýarlar.

Emma Meseberg şäherindäki sammitde D.Medwedew Ýewropa Bileleşiginiň aladalanmalaryny hasaba alyp, öz proýektiniň Ýewropa Bileleşiginiň çäginde we bileleşigiň bähbitleri nukdaýnazaryndan öňe sürülmegini teklip etdi.

Dmitriý Medwedew bilen Angela Merkeliň arasynda gol çekilen Memorandum Orsýet bilen Ýewropa Bileleşiginiň syýasy hem howpsuzlyk komitetiniň döredilmegini göz öňünde tutýar.

Memorandumda aýdylyşyna görä, ÝB-niň we Orsýetiň ýakyn hyzmatdaşlygy krizis ýagdaýlaryny durnuklaşdyrmakda, aýratynam Ýewropada uly alada döredýän mesele bolan Moldowanyň Prednestrowýe regionyndaky ýagdaýy durnuklaşdyrmakda “umumy tagallalara” mümkinçilik berýär.

Pozitiw ýaň

Gepleşiklerde Germaniýanyň oýnaýan roly Orsýetiň teklipleriniň üstünligine güwä geçýär. 6-njy iýunda kansler A.Merkel plana öz syýasy goldawyny bildirip, onuň Ýewropa Bileleşiginiň çäginde pozitiw netije berip biljegine umyt baglady. Bu barada Germaniýanyň “Sueddeutsche Zeitung” gazeti habar berdi.

Emma Orsýet ilki özüniň NATO-nyň täsirini gowşatmakçy bolýandygy barada Ýewropa Bileleşiginiň käbir agzalarynda bar bolan gorkynyň hakykata gabat gelmeýänligini subut etmeli.

Muňa göz ýetirip, D.Medwedew Don boýundaky Rostowda bolan sammitde eden çykyşynda öz inisiatiwasynyň NATO-nyň Ýewropadaky rolunyň gowşamagyna gönükdirilmeýänligini aýtdy.

Ýewropa Bileleşigi üçin iň ähmiýetli soraglaryň biri Eýranyň ýadro programmasyna degişli meselede Moskwanyň Günbatar döwletlerine goldaw bermäge taýýarlygyna degişli. Angela Merkel bilen duşuşygynda Orsýetiň prezidenti Tährana garşy täze sanksiýalar üçin wagtyň gelenligini aýtdy.

Geçen hepdede Orsýetdir Ýewropa Bileleşiginiň arasynda geçirilen sammitde D.Medwedewiň öňe süren teklipleirniň arasynda Moskwanyň gümrük bileleşigi boýunça ýaranlary bolan Gazagystandan we Belarusdan aýrylykda Orsýetiň Bütindünýä söwda guramasyna agza bolmaga taýýardygyny mälim etdi.

Mundan başga-da Orsýet Ýewropa Bilelelşigi bilen Energiýa hartiýasynyň düzümine dolanmakçy. Üstesine-de, Medwedew döwre laýyk özgerişlere gezek gelende, ýurduň “Ýewropa Bileleşiginiň ideýalaryny” kabul etmäge taýyndygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG