Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Erdogan Türkiýe Günbatardan ýüz öwürmeýär diýdi


Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Erdogan Ankaranyň Günbatardan ýüzüni öwrüp barýanlygy baradaky gürrüňleriň “propagandadan” ybaratdygyny aýtdy.

Günbatarly diplomatlar Gaza ýardam alyp barýan gämä ysraýylly harbylaryň hüjüm etmegi bilen bagly dörän krizise, şeýle-de Eýrana garşy täze sanksiýalary girizmek baradaky dokumenti Türkiýäniň ret etmegine salgylanyp, NATO guramasyna agza ýekeje musulman ýurt bolan Türkiýäniň Günbatardan ýüzüni öwrüp barýanlygyny aýdyp, alada bildirýärler.

ABŞ-nyň goranmak sekretary Robert Geýtes Türkiýäniň daşary sýyasatyndaky özgerişiklige Ankarany agzalyga kabul etmän belli bir derejede Ýewropa Bileleşiginiň hem sebäp bolanlygyny aýtdy.

Italiýanyň daşary işler ministri Franko Frattini özüniň Geýts bilen ylalaşýanlygyny aýdyp, ÝB-ni Türkiýäniň agzalygy boýunça gepleşikleri tizleşdirmäge çagyrdy.
XS
SM
MD
LG