Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen uçarlary Gyrgyzystanda


Gyrgyzystanyň wagtlaýyn hökümeti dowam edýän çaknyşyklar sebäpli Jelalabad welaýatynyň tutuş territoriýasynda 22-nji iýuna çenli adatdan daşary ýagdaý yglan etdi.

Agşam 18.00-dan ir sagat 06.00-a çenli komendant sagady girizildi.

Gowuşýan maglumatlara görä, daşdyr taýak bilen ýaraglanan ýaş ýigitleriň üç müň töweregi Jelalabadyň köçelerine çykypdyr.

Etnik özbekleri welaýatdan çykarmak barada çagyryşlar ýaňlanýar. Söwda merkezi hem birnäçe hususy öý otlandy. Oş şäherinde-de ýaşlar hususy jaýlary otlaýarlar. Köçelerden atyşyk sesleri eşidilýär.

Ýitgi uly

Oş şäherindäki etniki çaknyşyk

x
Oş şäherindäki etniki çaknyşyk
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:20 0:00
Soňky maglumatlara görä, Gyrgyzystanyň günortasyndaky bidüzgünçiliklerde ölenleriň sany 100 adam, jebir çekenler 1000-den aňyrda.

Gyrgyzystanyň öňki prezidenti Kurmanbek Bakyýew ýurtdaky bidüzgünçiliklere öz gatnaşygyny inkär edýär hem gandöküşigi bes etmek üçin tagallalary güýçlendirmäge çagyryş etdi.

Gyrgyz häkimiýetleri ýurduň günortasynda ýaşaýan etnik özbekleriň ýurdy terk etmegi üçin Özbegistan bilen serhedi açdy.

Gyrgyzstanyň prezidentiniň wezipesini ýerine ýetiriji, wagtlaýyn hökümetiň başlygy Roza Otunbaýewa şeýle diýdi: “Daşyndan hiç zat göremok, ýöne geljekde geçiriljek referendumy başa bardyrmak islemeýän, Gyrgyzystanyň täze ugur boýunça öňe tarap hereketini saklamak, duruzmak isleýän içerki güýçler bar”.

Orsýet ýurduň günortasyndaky konflikti çözmekde Gyrgyzystana harby kömek bermekden ýüz öwürdi, ýöne gumanitar kömek iberýär.

Orsýetiň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginiň uçary Bişkege däri-derman hem medisina enjalaryny getirdi. Şol reýs bilen alty sany agyr ýaraly, şol sanda bir çaga Moskwa äkidildi.

ABŞ Gyrgyzystanyň Oş şäherinde we beýleki ýerlerde tizden-tiz parahatçylygy we tertip-düzgüni ýola goýmaga çagyrdy.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň beýannamasynda Gyrgyzystandaky wakalara Waşingtonda dykgat bilen syn edilýändigi bellenýär.

ABŞ Gyrgyzysatynyň demirgazygyndaky Manas harby bazasyny Owganystandaky halkara koalisiýaon güýçleri üpjün etmek üçin ulanýar.

Pakistanly student öldürildi

Bidüzgünçilikleriň dowam edýän ýeri - Gyrgyzystanyň günortasyndaky Oş şäherinde azyndan bir päkistanlynyň öldürilendigini, 15-niň zamun alnandygyny Pakistan habar berýär.

Pakistanyň daşary işler ministri Şah Mahmud Kureşi şu gün pakistanly studentler barasynda maslahat geçirilýändigini aýtdy.

Ministriň sözlerine görä, Pakistanyň hökümeti Gyrgyz häkimiýetleri bilen aragatnaşygy ýola goýupdyr, onuň öz graždanlarynyň azat edilmegi üçin çäreler görmäge synanyşýandygyny “Reuters” agentligi habar berýär.

Türkmenistan uçar ýollady

Gyrgyzystanyň DIM-niň Oşdaky wekili Bakyt Usupow Oş şäherinde okaýan türkmenistanly studentleri alyp gaýtmak üçin Türkmenistanyň Oşa ýörite uçarlary ýollandygyny Azatlyk Radiosynyň Bişkekdäki habarçysyna aýtdy.

Türkmen Howa Ýollarynyň iki ýolagçy uçarynyň giçlik Gyrgyzystana barandygy habar berildi.

Türkmenistanly studentleriň Gyrgyzystanyň günortasyndaky harby birikmeleriň birine jemlenendigi we olaryň 300-e golaýynyň ilkinji iki reýs bilen Türkmenistana ugradylýandygy habar berilýär.

Gyrgyzystanyň günortasyndaky şäherlerde okaýan türkmenistanly studentleriň sanynyň 1000-e golaýdygyny, iki ýolagçy uçarynyň ýeterlik däldigini Oşda okaýan türkmenistanly student Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň Oş şäherindäki habarçysynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
XS
SM
MD
LG