Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Eýranda 90 gowrak oppozisiýa agzasy saklandy


Eýranda geçen gije-gündiziň dowamynda oppozisiýanyň tarapdarlaryndan 90 gowrak adam saklandy - diýip, ýurduň polisiýa başlygy Huseýin Sajadana salgylanmak bilen Eýranyň ISNA agentligi habar berdi.

Şol bir wagtda-da häkimiýetler Eýranda haýsydyr bir çynlakaý wakanyň ýa-da protest aksiýasynyň bolmandygyny aýdýarlar.

12-nji iýunda soňky prezident saýlawlaryna hem onda Ahmedinejadyň ýeňiji yglan edilenine bir ýyl doldy.

Oppozisiýa häkimiýetleri saýlawlaryň netijelerini galplaşdyrmakda aýyplady.

Geçen ýyl saýlawlardan soňky köpçülikleýin bidüzgünçiliklerde 30 gowrak adam heläk boldy, müňlerçe oppozisiýa agzalary tussag edildi.

ABŞ-laryň Döwlet sekretary Hillary Klinton syýasy tussaglary, şeýle-de Eýranyň türmelerinde bir ýyl bäri suda garaşyp ýatan üç amerikan graždanyny azatlyga çykarmaga Eýran häkimiýetlerini çagyrdy.

Üç amerikaly bikanun serhedi kesmekde aýyplanýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG