Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Etniki özbekler Özbegistanyň territoriýasyna geçýär


Duşenbe güni Gyrgyzystanyň Saglyk ministrligi ýurduň günortasynda gyrgyzlar bilen etniki özbekleriň arasynda indi dört gün bäri dowam edip gelýän çaknyşyklarda azyndan 118 adamyň ölüp, 1600-dan gowrak adamyň hem ýaralanandygyny mälim etdi.

Soňky maglumatlara görä, ýerli jenaýatçy toparlaryň hüjümlerinden gaçyp gutulmak üçin serhet ýakalarynda ýaşaýan etnik özbekleriň on müňlerçesi serhetden aşyp, Özbegistanyň territoriýasyna geçipdirler.

Halkara Gyzyl haç komiteti Gyrgyzystanyň günortasyndaky gumanitar ýagdaýyň örän ýitileşýändiginden alada bildirip, beýanat ýaýratdy.

Türkmenistanly studentleriň müňlerçesiniň okaýan ýeri bolan Gyrgyzystandaky häzirki şertlerde ol ýerdäki Türkmenistanyň raýatlarynyň howpsuzlygy barada nähili alada edilýändigi barada Türkmenistanyň resmi habar serişdeleri hiç hili maglumat bermeýärler.

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy aeroportyň resmileriniň sözlerine salgylanmak bilen, iki sany uçaryň duşenbe güni daňdanlar Gyrgyzystandaky studentleriň bir bölegini Türkmenabada alyp gelendiklerini habar berdi.

Emma näçe studentiň gelendigi we indi ýene näçesiniň getiriljekdigi barada häzirlikçe anyk maglumat almak başartmady.
XS
SM
MD
LG